IMG-LOGO

Şahyr bolup, alym bolup, halk bolup,
Pikir-paýhas ummanyňa gark bolup,
Girjek bolýas seniň syrly dünýäňe.
Tirjek bolýas şygryýetiň bagyndan,
Sala salyp aý-ýyllara, heňňama.


Türkmeniň takdyry, keşbi ýerleşen,
Taňrynyň hak nury, yşky ýerleşen,
Döwürleriň duwlap bilmedik maňzy,
Jebirleriň dalap bilmedik meňzi —
Şygyrlarňy — keramatyň-keremňi.
Dörüp asyrlary, sowrup heňňamy,
Açjak bolýas müň manyly syryňny,
Açjak bolýas açyp giden dünýäňi.


Dagyň depesinde ýadygärligiň,
Kalplaň nepesinde ýadygärligiň,
Adyň şygyr dünýäsiniň sütüni.
Depesine çykyp goja barlygyň,
Tug edip ylahy aňyýetiňi,
Beýikligňe çenli göterjek bolýas.
Pygamber paýhasly ömrüň öňünde
Nesillik borjumyz bitirjek bolýas.
Sen bolsa ylhamyň ganaty bilen,
Ylahy ykbalyň manysy bilen,
Arşyň depesine ýeten ekeniň!


Ýagşyzada bolup halklara barsyn,
Ýagşyzada bolup kalplara barsyn,
Milletiniň mährem, halal ýolunyň,
Aslynyň, kalbynyň Kuýaş — nurdugyn
Hem duýsunlar diýip türkmen iliniň
Arşy-ylham şahyrynyň bardygyn,
Şygyrlarňy ýaýdyk älem-jahana.


Mertligi mertebe, paýhasy perman,
Halallygy Hakdan, kasamy peýman,
Ýagşylara mährap, owazy şirwan
Milleti bireýýäm älem-jahana
Tanadan ekeniň: «Men türkmen» diýip,
«Şygryýet kalplaryň şygary» diýip,
«Adym Magtymguly Pyragy» diýip...

Agamyrat SOLTANOW