Sözüm saňa, Pyragy! (Türkmen we beýleki ýurtlaryň şahyrlarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgular ýygyndysy). – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.
Magtymguly türkmen şahyrlarynyň döredijiliginde. Magtymguly özünden soňky we tä şu günki günlere çenli dö redip gelýän şahyrlaryň ählisiniň hakyky halypasydyr. Mysal üçin, ХIХ asyr satiraçy şahyrymyz Mämmetweli Kemine «Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bi ze indi onuň hoşasyny çöpläýmek galypdyr» diýip, akyl daryň döredijiliginiň ündew, mazmun, çeperçilik babatda köpgyraňlydygyna döwürdeşleriniň ünsüni çekipdir. Şol asyryň ýa-da Magtymgula döwürdeş şahyrlaryň uçdantutma hemmesi diýen ýaly türkmen diliniň söz baýlyklaryndan peýdalanmakda Magtymguludan täsirlenip döredipdirler. Okyjy bu hakykata türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgularyny Mag tymgulynyň şygyrlary bilen degşirip-deňeşdirip görse, şüb hesiz göz ýetirip biler. Bu täsir dowamly bolup, ХХ asyr şahyrlarymyzyň döredijiliklerinde has-da açyk-aýdyň duýulýar. Täsirlenme bilen bir hatarda Magtymgula bagyşlanyp ýazylan ýörite şygyrlaryň ýa-da şygry usulda dörän eserleriň-de bardygyny bellemek gerek. ХХ asyryň nusgawy ýazyjylarynyň biri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýew paýtagtymyzyň akademiki teatrynda köp wagtlap sahnada goýlan «Beýik şahyr» dramasyny şygyrda döredipdi. Pýesadaky wakalar şahyryň şygyrlary, öňe süren pikirleri bilen utgaşdyrylyp ýaýbaňlandyrylýardy.
Türkmenistanyň atly şahyrlary Mämmet Seýidowyň «Şatuduň saýasynda», Ýylgaý Durdyýewiň «Daglar», Gurbannazar Ezizowyň «Pikir derýasynda akyl gämisi», Annaberdi Aga baýewiň «Mekge menzili» («Pyragynyň ömründen bir pursat») Atamyrat Atabaýewiň «Dowamat dowam» ýaly ululy-kiçili poemalarynda Magtymgulynyň durmuşy, şahsy we maş gala ykbaly, onuň öz atasy hem halypasy Döwletmämmet molla bilen mynasybeti, Meňlä bolan egsilmez söýgüsi, bilimini artdyrmak ugrundaky tagallalary, il-ýurt abadançylygy bilen bagly aladalary örän çeper röwüşlerde berilýär. Eger M. Seýidow Magtymguly obrazynyň üsti bilen ahlak meselesini gozgap, wakalary şahyryň goşgularyn daky ýagdaýlar, pajygaly hadysalar bilen baglap görkezýän bolsa, Ý. Durdyýew Magtymgulynyň dünýä inişini, sowatly, bilimli şahyr bolup ýetişişini, saýry duşmanlaryň türkmen obalaryny talaýşyny, şeýle halatda Döwletmämmet mollanyň we Magtymgulynyň doga-dileglerini, aýgytly hereketlerini, şa hyryň eserleriniň diňe bir öz halkyna däl, Ilhan ýaly gaýry galtamana-da täsir ýetirişini, Magtymgulynyň ölüminiň ähli halk tarapyndan umumy ýasa, köpçülikleýin matama öwrülişini şahyrana suratlandyrýar. Poemada Ilhanyň, Azadynyň, Magtymgulynyň, belli derejede Meňliniň anyk-duýarlykly ob razlaryny döretmäge synanyşylýar. Ý. Durdyýew şahyryň ýaşan galagoply döwrüni welin mümkingadar dogruçyl berip bilip dir. G. Ezizow Magtymguly temasyna, söz ezberiniň içki ahwalatyny öz zamanasyna laýyklap ýüze çykarmaga pelsepewi usulda çemeleşýär. Netijede awtora şahyryň pikirlenmelerini umumadamzat ýaşaýşy, dünýe hadysalary bilen göwnejaý baglanyşdyrmaga mümkinçilik döräpdir. Şu hili çemeleşme Magtymgulynyň jemagat gatnaşyklary, döwür, kysmat, pelek, borç hem hyzmat hakyndaky içki psihologik ýagdaýlarynyň, dünýä hem tebigat dogrusyndaky durumlarynyň okyjynyň aňyna täsirli ornaşmagy, oňat ýatda galmagy üçin diýseň amatly bolupdyr.
Annaberdi Agabaýew ady agzalan çaklaňja poemasyndaky pikirlerini onuň «Tarawa», «Gaýdyşyn – ot başynda», «Etrek dagynyň başynda» diýen bölümlerine seçelendirip goý beripdir. Poemanyň awtory Magtymgulynyň Mekgä zyýaraty mahalynda şahyryň il-gününiň abatlygy, agzybirligi, özüne eden ýagşy dilegleri, şol dilegler bilen utgaşdyryp, akyldaryň adamzat baradaky oýlanmalaryna gerim berýär. Bu awtorlar Magtymguly temasyndan ýörite goşgular-da döredipdirler. Muňa M. Seýidowyň «Daň ataly bäri urnup otyryn», «Bir şahyrmyş bu görünýän her ýyldyz», «Watanyňda han idiň», «Çykyp giň sährama irde-giçde sen», «Seret, atam bakýar saňa söýünip», «Giň gujagy elwan gülden çemenli», «Hiç bir güýç gondamaz çöken ýerinden», «Çyk-da seret giň sähraňa, Pyragy», «Süýr günortan gördüm ony düýşümde», «Gaşlaryny, kirpigini çirkizen», «Hindistany, Çyn-Maçyny», «Magtymguly, seniň adyň», «Jennet boldy Taňrygargan», Ý. Durdyýewiň «Sözi soňlan sorag», A. Agabaýewiň «Gonam başy – Magtymguly pirimiz», «Pyragyň döreýşi», «Pyragyň pendi», «Heýkel» ýaly goşgularyny mysal şekilinde görkezmek mümkin. Şahyrlarymyzyň aglabasy öz döredýän eserlerine, köplenç, Magtymgulynyň setirlerini epigraf (şygyr badalgasy) hökmünde almagy däbe öwrüpdirler. Bu däp Magtymguly hakda goşgy ýa poema ýazan şahyrlarymyzyň köpüsinde görünýär. Mysal üçin, M. Seýidow epigraf edip Magtymgulynyň «Peder bize miras goýmuş bu derdi», «Watanymda han idim, Hanlara perman idim», «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň», «Magtymgulyň ýüreginde bir ot bar, Her aşykda munuň kimin ot ýanmaz», «Magtymguly, seniň adyň, Bolsun indi, goý, Pyragy» kimin setirdir beýtlerini getirýär. Bu ýagdaý diňe bir Magtymgula bagyşlanyp ýörite ýazylýan goşgulara däl, eýsem, umumy durmuş bilen bagly ýazylýan goşgularda-da görünýär.
Birneme öňe gidip, bellenmeli bir ýagdaý bar: Mag tym guly bilen baglanyşykly goşgularyň bir bölegi tankydy häsiýetli. Ý. Durdyýewiň «Sözi soňlan sorag», A. Annabaýewiň «Heýkel», B. Hudaýnazarowyň «Magtymgulynyň huzurynda», I. Nuryýewiň «Şirgazy medresesiniň öňünde» atly goşgulary şonuň ýalydyr. Şeýle-de bolsa, ol goşgularyň terbiýeçilik ähmiýeti uly, olarda Magtymgula goýulýan hormat göwnemakul ýüze çykarylýar.
Gara Seýitliýew, Kerim Gurbannepesow, B. Hudaýnazarow, Atamyrat Atabaýew ýaly il söýgüsini gazanan şahyrlarymyzyň bu temadan hemmetaraplaýyn kämil, biri-birinden şekili, žanr we çeperçiligi taýdan tapawutlanýan özboluşly şygyrlar döredendiklerini ýörite bellemegi ýerlikli hasap laýarys. G. Seýitliýewiň «Şahyrym» atly goşgusynda Pyragynyň tutuş türkmen halkynyň umydyna öwrülendigi, onuň her bir sözüniň dünýä malyna barabardygy ynandyryjy lykly, çeper delillendirilip görkezilýär. Şahyryň «Dag lar» di ýen goşgusy geçen asyryň 60-njy ýyllarynda iň bir ajaýyp, iň bir täsirli goşgy bolup, şol döwür okyjylarynyň ýadynda galdy. Uni wersitetde okaýarkak talyp ýoldaşymyz, G. Seýitliýewiň oba daşy, şygryýetiň, aýdym-sazyň ölemen aşygy Ilmyrat Mäm medow ony geçirilýän edebi-medeni çärelerde daglar ýaly goýy-goňras, howaly sesi bilen labyzly okap berýärdi. Ondaky:
ýaly setirler mazmuny boýunça-da, okalyş aýratynlygy bilenem meniň-ä hakydamdan häli-bu güne çenli çykyp gidenok.
K. Gurbannepesowyň «Magtymgulynyň ýadygärligine», B. Hudaýnazarowyň «Gerkez obasy», «Pyragynyň portretine ştrihler», A. Atabaýewiň «Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açylanda okalan goşgy» kimin şygyrlarynyň-da hakyky şahyrana ylhama ýugrulandygyny, bogun, intonasiýa, basym, ritm babatlarda ýerbe-ýerligi sebäpli okalanda-da, diňlenende-de ýakymly täsir galdyrýandygyny aýtmak gerek. K. Gurbannepesow:
diýse, B. Hudaýnazarow:
diýip ýazýar. Goşgynyň liriki gahrymany Gerkez obasynda durup synlaýan-da bolsa, onuň nazary asman giňişligine gönügipdir. Çünki ol ýerde aňyrsy-bärsi görünmeýän giňişlikde ala-böle bir ýyldyz – Magtymguly ak patrak ýaly bolup görünýär. Şahyr meňzetmesine simwolik many berip, onuň dünýä poeziýasynyň giňişligidigini ýaňzydýar. Asman, elbetde, täsin deňeşdirme. Emma Magtymgulyny Anteýe güýç berýän toprakdan – ýer üsti ýaşaýyşdan aýrybaşgalap hem bolanok. Şuny göz öňünde tutup, A. Atabaýew:
diýip tekrarlaýar. Awtoryň pikirine görä, Magtymguly deňeşdirmelerden ýokarda durýar. Goşgularyň üçüsinde-de Magtymgulynyň beýikliginiň gürrüňi edilýär. Sebäbi onuň ady arşda, daglaryň depesinde, parlak ýyldyzlaryň arasynda.
Elbetde, Magtymguly temasyndan goşgy ýazmadyk zehin eýesi türkmen edebiýatynda tapylmasa gerek. Olaryň hemmesini hatda sanap geçmegem aňsat däl. Her niçik, sözümiziň deliline käbir mysallar getireliň: Ata Atajanow («Magtymgula»), Begmyrat Ussaýew («Elbrus»), Nowruz Gurbanmyradow («Pyragy bilen söhbet»), Alty Akmämmedow («Pyragydan tymsallar hem-de şu güne syýahat»), Ökdem Eminow («Magtymgula»), Geldi Bäşiýew («Gozly dagyndadyr», «Abatdyr iliň, Pyragy»), Gözel Şagulyýewa («Garaşmak», «Döwrüň geledir»), Giç geldi Aşyrow («Magtymguly gezen ýerlerde»), Anna Gurtgeldiýew («Magtymgulyň güzeridir güzerim», «Pyragynyň gözleginde», «Meňlini ýatlap», «Gerkez obasy»), Kakabaý Gurbanmyradow («Magtymguly gämisi»), Mämmetnazar Babanazarow («Magtymgula»), Allaýar Çüriýew («Okap Pyragynyň goşgularyny», «Pyragynyň obadaşy Meret aga bilen söhbet»), Kakajan Açylow («Bäşimiz»), Hudaý guly Allamyradow («Magtymgula») we başgalar. Şahyrlarymyz Magtymgulynyň şahsyýetine, döredijilik mirasyna öýkünmek, täsir lenmek, onuň adyny belende götermek, pikirlerini şu günki döwür bilen baglanyşdyrmaknuk daýnazardan dürli tarap dan garadylar. Biziň şu günki şygry ýetimiz Magtymgulynyň döredijiligindäki ýaly žanrlara, şygyr şekillerine we görnüşlerine örän baý. Magtymguly, esasan, goşuk žanrynda (murapbagda) diýseň öndümli işläpdir. Emma ol täzelikçi, türkmen şygryýetine dokuzlama, onlama, onbirleme ýaly şekilleri-de ornaşdyrdy, özüne çenli diňe söýgi temasynda ýazylyp gelýän gazala jemgyýetçilik mazmun berdi. Ol muhammes, müseddes, muamma, elegiýa, tymsal ýaly žanrlarda hem şygyrlaryň ençemesini dünýä getirdi.
Magtymguly Garagalpagystanda. Magtymguly diňe bir türkmen edebiýatynyň başynda durmak bilen çäklenmän, ol käbir türki halklaryň edebiýatlaryna-da öz täsirini ýetirdi. Aýratyn-da, garagalpak edebiýatynyň kemala gelmeginde, kämilleşmeginde onuň hyzmatlary göze ilerliklidir. Muny onuň goşgulary bilen garagalpak nusgawylary Günhojanyň, Ajynyýazyň, Berdagyň goşgularyny deňeşdireniňde anyk görmek mümkin. Günhoja goşgularynyň tas ählisinde Magtymgulynyň adyny halal, takwa, terbiýe nusgasy hökmünde ýatlasa, Ajynyýaz köp şygyrlaryny Magtymgulynyň äheňinde, şoňa meňzedip döredipdir. Hatda ol Magtymgulynyň setirlerini, bentlerini olaryň asyl nusgalaryndaky ýaly üýtgetmän, öz eserleriniň arasyna goşup goýberipdir. Hatda ol hakdaky rowaýatlaryň birinde, onuň «Magtymguly hemme zat hakda aýdyp gideni üçin, men özümden täze bir zat döredibem bilemok» diýip aýdandygy garagalpak edebiýatyny öwreniş ylmynda ýatlanylýar. Garagalpak topragynda geçen asyrda hem-de häzirki döwürde hem ýaşan we ýaşap gelýän şahyrlar Magtymgulyny özleriniň mugallymy, halypalary hasaplaýarlar. Biz munuň şeýledigini Öteşiň, Aýapbergen Musaýewiň, Abbaz Dabylowyň, Sadyk Nurumbetowyň, Nurmuhammet Ämetowyň, Tolybaý Kabulowyň, Ybraýym Ýusubowyň, Uzakbaý Pirjanowyň, Abylkasym Ötepbergenowyň Magtymgula bagyşlap ýazan şygyrlaryndan görüp bilýäris.
Magtymguly Özbegistanda. Magtymgulynyň ady Özbe gistanda, aýratyn hem, Horezm welaýatynda has-da ýörgünlidir. Asly Samarkantly şahyr Yslam Nazar ogly şy gyrla ryny Magtymgulynyň şygyrlaryna meňzedip döredipdir. Bag şy hökmünde onuň goşgularyna aýdymlar aýdypdyr. Özbegistanyň halk ýazyjysy Kamil Ýaşen «Röwşen we Zülhumar» dramasynda Magtymgulynyň goşgularyny gahry manlarynyň «dili» bilen eseriň wakalaryna siňdiripdir. Ergeş Ju manbilbil oglunyň «Röwşen» poemasynda-da belli derejede Mag tymgulynyň döredijiliginden peýdalanylypdyr. Enejan hal fanyň ýerine ýetiren «Aşyk Mahmyt» dessanyndaky «Dogrusy» diýen gazalda gös-göni Magtymguludan täsirlenilendigi olary ýanba-ýan goýup okap göreniňde bada-bat göze ilýär:
Anaş halfadan.
Magtymguludan.
Özbek şahyrlaryndan Mirtemir «Magtymgulynyň toýunda özbek golçasy», Maksud Şyhzade «Magtymgula» («Daglar, heý»), Magtymguly şygyrlaryny özbek diline ilkinji bolup terjime eden Jumanyýaz Şarypow «Eý, Magtymguly», Özbegistanyň Gahrymany, Özbegistanyň halk şahyry Abdylla Oripow «Magtymguly», Muzaffar Ahmet «Magtymgulynyň», Gülüstan Mätýakubowa «Ýagşysyn», «Tapmaz sen», «Için de» ýaly goşgularyny döretdiler. Olar özbek okyjylary tarapyndan gyzgyn garşylandy. Magtymgulynyň şygyr kitaplarynyň Özbegistanda ýygy-ýygydan neşir edilýändigi bu ülkede Magtymgulynyň şygyrlaryna bolan halk isleginiň derejesiniň ýokarydygyny aňladýar.
Öz wagtynda belarus şahyry Petrus Browkanyň, ýaňy-ýakynda bolsa garagalpak şahyry A. Ötepbergenowyň türk meniň bu beýik ogluna bagyşlap ýazan epiki poemalaryny-da aýdylanlaryň üstüne goşmak gerek. Magtymgulynyň döredijiligi ençeme ýurtlaryň edebiýatyny öwrenijileriň-de ünsüni özüne çekip gelýär. Munuň şeýledigi Magtymgula bagyşlanylyp bizde geçirilýän halkara maslahatlaryna gelen materiallardan magat görünýär. Magtymguly bilen baglanyşykly özbek hem garagalpak edebiýatçylary K. Kurambaýewiň, Kyrkbaý Baýnyýazowyň, Patima Allambergenowanyň, Gülüstan Döwletowanyň, E. Açylowyň, H. Ab dyllaýewiň, S. Mamajanowyň makalalarynda, kitaplarynda Magtymgulynyň döredijiligi ylmy taýdan seljerilýär. Olar şol işlerinde Magtymgulyny hut öz ýurtlarynyň şahyry hökmünde häsiýetlendirýärler. Bu hakda hormatly Prezidentimiziň sözlerine salgylanyp aýtsak, «Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy».
Ahmet Mämmedow,
filologiýa ylymlarynyň doktory