IMG-LOGO

Ýadygärlikler

Muzeýler

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Magtymguly muzeýi «https://tdu.edu.tm»

Muzeý 1959-njy ýylda esaslandyrylan.

Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan muzeýde şahyryň dürli döwürlerde, dürli dillerde neşir edilen kitaplary, eserleriniň daşbasma nusgalary we gadymy edebiýatlaryň golýazmalary, şeýle hem akyldar şahyr barada ýazylan köp sanly çeper eserler, ylmy işler we Magtymgulynyň ýaşan zamanasyna degişli gymmatlyklar ýerleşdirilen.

Muzeý 2014-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýi mynasybetli şahyryň döredijiligini öwrenmek babatda täze neşirler, şeýle hem taryhy maglumatlar bilen baýlaşdyryldy.

Edaralar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň düýbi 1926-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda tutulyp, onuň ilkinji resmi ady Türkmenistan Ylym we edebiýat jemgyýeti (TYEJ) bolupdyr. Ol dürli döwürlerde dürlüçe atlandyrylypdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1085 belgili “Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyny döretmek hakynda” kararyna laýyklykda, türkmen dilini we edebiýatyny, milli baýlygymyz bolan golýazma mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmegi has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň öňki Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty Milli golýazmalar instituty bilen goşulyp, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty döredildi.

Häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty türkmen dil biliminiň, edebiýaty öwreniş ylmynyň nazary hem amaly meselelerini we halk döredijilik eserlerini ylmy esasda derňeýän hem-de gymmatly golýazma mirasymyzy aýawly saklap, düýpli öwrenýän, kitap görnüşinde halk köpçüligine ýetirýän ýöriteleşdirilen ylmy merkez hökmünde hereket edýär.

Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersiteti «https://www.tdu.edu.tm»

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 1931-nji ýylda Aşgabat mugallymçylyk instituty hökmünde esaslandyryldy. 1950-nji ýylda ol Türkmen döwlet uniwersitetine öwrüldi. Bu ýokary okuw mekdebi häzir türkmeniň akyldar şahyry Magtymgulynyň adyny göterýär.

Häzirki wagtda Türkmen döwlet uniwersitetinde 7325-den gowrak talyp okaýar.

Uniwersitetde 12 fakultet (matematika, maglumat tehnologiýalary, fizika, himiýa, biologiýa, geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, iňlis dili we edebiýaty, roman-german we gündogar dilleri, taryh, hukuk, hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetleri), 37 kafedra bolup, olarda hünär ugurlarynyň 14-si, hünärleriň we taýýarlyk ugurlarynyň 33-si boýunça hünärmenler, bakalawrlar we magistrler taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy «https://yashlar.gov.tm»

1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda döredijilik Gurultaýy geçirilip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredildi we Tertipnamasy kabul edildi.
1994-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Ýaşlar guramasynyň I gurultaýy,
2002-nji ýylyň 7-nji aprelinde II gurultaýy,
2004-nji ýylyň 7-nji maýynda III gurultaýy,
2012-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda IV gurultaýy,
2016-njy ýylyň 6-njy aprelinde bolsa V gurultaýy,
2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda VI gurlutaýy,
2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda VII gurlutaýy,
2023-nji ýylyň 28-nji fewralynda VIII gurlutaýy bolup geçdi.

Teatr

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry «https://turkmenteatrlary.gov.tm/location/50»

2001-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň ýerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry döredildi. Bu teatr gysga wagtyň içinde täsirli we gyzykly oýunlaryň onlarçasyny sahnalaşdyrdy. Olaryň köpüsi ýerli awtorlaryň eserleri bolup, türkmen halkynyň taryhyndan, Garaşsyz Türkmenistanyň bagtyýar raýatlarynyň gazanýan üstünliklerinden söhbet açýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň düzümi giň bolup, öz tans topary, orkestr artistleri, aýdymçy artistleri, drama artistleri bar.

Teatrda režissýor Aýnazar Batyrow, artistler Rejepgeldi Gurbanow, Halbike Dowyýewa, Ogultäç Hanyýewa, Öwezguly Gelenow, Nury Hudaýgulyýew, Şatlyk Halykow, Döwlet Berdiýew, Tirkeş Mätnazarow, Aýsoltan Kowusowa, Nargiza Halykowa, kompozitor Nurygandym Hojamuhamedow, suratkeş Batyr Bekmyradow ýaly sungat ussatlary döredijilikli zähmet çekýärler.

Umumy tutýan ýeri 20327 m2 bolup, ak mermere bürenip oturan Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 750 tomaşaçylar üçin orun bar. Bu medeniýet ojagy dünýä ülňülerine gabat gelýän tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylandyr.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry çeper höwesjeňlere ýakyndan kömek berýär. Medeniýet we sungat işgärlerini taýýarlaýan ýokary we orta okuw jaýlarynyň talyplary bu teatrda ýylyň ýylyna tejribe geçýärler. Olar teatryň arhiwinde, edebi-drama bölüminde, yşyklandyryş, radio we grim bölümlerinde tejribeli hünärmenlerden sungatyň inçe syrlaryna aralaşmagy öwrenýärler.

Teatrda ýaşlara berilýän üns hem öwerliklidir. Ýaş artistler keşp döretmäge yzygiderli çekilse, ýaş režissýorlar we suratkeşler öz ugurlaryndan ussat işgärlerden tälim alýarlar.