IMG-LOGO

Magtymguly – ylham çeşmesi (Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar). – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. –S. 14-16

Hiç bir şahyr öz temasyny, orta atýan ideýasyny öz ýaşaýan döwrüniň köptaraply meselelerinden üzňe göz öňüne getirip bilmez. Edebiýatyň mazmuny döwrüň, ýaşaýşyň mazmunynyň janly, hereketdäki, bellibir derejede şertli suratydyr. Emma ol suratdaky gowy we ýaramaz şekiller indi soňky 4-5 asyryň ýaşaýyş-durmuş keşbine mahsus, gaty bir üýtgemeýän, gaty bir özgermeýän şekillerdir. Edebiýatyň dörän gününden bäri onuň mazmunynda haýyr bilen şeriň, günä bilen sogabyň, halallyk bilen haramlygyň, nebisjeňlik bilen kanagatlylygyň, sahylyk bilen husytlygyň, men-menlik bilen pesgöwünliligiň, bir söz bilen aýdylanda, ak bilen garanyň biltutuşykly hadysalarynyň şöhlelenip gelýändigi-de şol sebäplidir. Gylyk-häsiýetleriň, yrym-ynançlaryň, duýgularyň we taryhy wakalaryň şeýle köpdürlüliginiň anyk teswirleri Magtymgulyny realist şahyr, akyldar-filosof hasaplamaga ygtybarly tutalgadyr. Bu meselä hem alymlarymyz gaýtadan bir dolanyp gelseler, elbetde, ýerlikli bolardy.

Magtymgulynyň terjimehaly, onuň maşgala durmuşy barada gürrüň berýän işlerde şu wagta çenli şeýle bir fakt gaýtalanyp gelýär. Nedir şa öldürilenden soň onuň emeldarlarynyň biri – Ahmet Dürrany özüni Owganystanyň patyşasy diýip yglan edýär. Türkmenler özara agzybirlik, rahat, asuda ýaşamak meselesinde Ahmet Dürrana bil baglapdyrlar, oňa umytlanypdyrlar. Muňa Magtymgulynyň döredijiliginde-de oňyn baha berilýär. Oňa şahyryň «Rowaç bergil ýomut-gökleň birligne, ol Kemal han owgan bolsun başymyz!» diýen setirleri hem şaýatlyk edýär. Ahmet şa bilen gepleşip görmek we nähilidir bir anyk geleşige gelmek maksady bilen ilki Abdylla ugradylýar. Wagty bilen olardan habar bolmansoň, Magtymgulynyň beýleki agasy Mämmetsapa Abdyllanyň gözlegine çykýar. Onuň hem şol gidişi bolýar. Garaz, olaryň ikisi-de ýolda barýarkalar ýa gelýärkäler talanan, öldürilen diýlip düşünilýär. Ynha, makaladan makala, kitapdan kitaba geçip gelýän «garry maglumat» şeýle.

Ýöne welin... Garaşsyzlyk Eýran bilen biziň gatnaşyklarymyza giň ýol açdy. Aýratynam ol ýurtda ýaşaýan türkmenleriňkä edebiýatçylarymyzyň-da baryp-gelmelerine mümkinçilik döredi. Şonuň netijesinde Magtymgulynyň durmuşyna degişli täze maglumatlaryň-da tapylyp durýandygyny aýtmak gerek. Mysal üçin, ökde şahyr, ussat dramaturg Abdyreşit Taşowyň «Ýezdde ýeri Mämmetsapanyň (Magtymgulynyň dogany barada täze maglumat)» diýen makalasynda bu meselä belli derejede aýdyňlyk berýän ýagdaýlaryň üstünde durulýar («Watan» gazeti, 11.09.2008).

Ýazyjy 2008-nji ýylyň awgustynda Eýrana eden gezelenji döwründe kümmethowuzly türkmen Abdyrahym Nyýazy bilen duşuşypdyr. Ol şonda Magtymgulynyň agasy Mämmetsapanyň şol gözlegi mahalynda ölmändigi barada ýazyjymyza gürrüň beripdir. Abdyrahym Nyýazy bu maglumatlary Mämmetsapanyň neberesinden bolan Alydan alandygyny, onuň nesilleriniň häzir Ýezd welaýatynyň Ardekan diýen ýerinde, Zordyk mähellesinde (obasynda) ýaşaýandygyny aýdýar.

Mämmetsapa Owganystan bilen Eýranyň serhedine edil uruş mahaly ýetip barypdyr. Abdylla şol söweşde ýogalypdyr. Mämmetsapa ýesir düşüpdir we äkidilip barýarka oňa gaçmak başardypdyr.Ýezdde Rebi diýen at bilen biriniňkide ýaşapdyr. Öz gelip çykyş ýagdaýlaryny köp wagtlap gizläp gelipdir. Şo ýerde pars gyzyna öýlenipdir, metjit gurdurypdyr, medrese açyp, oglan okadypdyr. Diňe ýaşy birçene baransoň, özüniň kimdigini, başdan geçiren wakalaryny aýdyp, ömür şejeresini ýazyp, ony hem tä ejaza berilýänçä hiç kime aýan etmezligi ogul-gyzlaryna tabşyryp, dünýäden ötüpdir. Ahyry Aly onuň ejazasyny (rugsadyny) düýşünde görüpdir. Mämmetsapanyň başyny başlan ol şejerenamasynyň üsti ýetirilen görnüşi aşakdaky ýaly: Mämmetsapa – Döwletmämmet Azadynyň ogly, Ybraýym – Mämmetsapanyň ogly, Muhammet – Ybraýymyň ogly, Ryza – Muhammediň ogly, Jawad – Ryzanyň ogly, Aly – Jawadyň ogly.

Abdyrahym Nyýazy bu fakty Alydan-da başga has gojalan ýaşululardan hem sorap görendigini, olaryň hem Rebi atly biriniň ýaşandygyny tassyklandyklaryny tekrarlaýar. Bu ýagdaýlar barada ýörite kitap neşir etdirendigini-de ýatlaýar. Abdyreşit Taşow bolsa şol kitabyň özüne sowgat berlendigini ýazýar.