IMG-LOGO

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň, şol sanda söz ussatlarynyň ömri-döredijiligini, edebi mirasyny toplamak, ylmy esasda öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Diýarymyzda häzirki günlerden Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda uly dabara bilen belleniljek 300 ýyllygyna uly taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» hem bu ugurdaky giň gerimli işlere badalga berdi.

Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasyny, tutuş Gündogaryň ylmy-medeni dünýäsine ýetiren täsirini ylmy esasda öwrenmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede mynasyp belläp geçmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy-barlag institutlarynyň alymlary hem şahyryň edebi mirasyny toplamak, eserlerini daşary ýurt dillerine terjime etmek, onuň ömrüne we döredijiligine degişli ylmy işleri, “Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny” sanly hem-de neşir görnüşinde taýýarlamak, “Magtymguly Pyragy portalyny” döretmek bilen baglanyşykly işleri alyp barýarlar.

Ajaýyp şygyrlary bilen türkmen halkynyň dünýägaraýşyny, watançylyk hakyndaky düşünjelerini ýokary derejelere çykaran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi watansöýüji nesilleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Akyldar şahyr halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, özbaşdak döwlet gurmagy, türkmenleri birleşdirip, bu mukaddes toprakda özygtyýarly döwlet gurmak baradaky garaýyşlary öňe sürüpdir we bu işleri amala aşyrmaga şahsy goşandyny goşupdyr. Ol döwlet gurluşy bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenmek, ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin birnäçe ýurtlara, şol sanda Owganystana, Azerbaýjana, Siriýa, Hindistana we beýleki ýurtlara syýahat edipdir. Şahyryň “Arşy-aglaýa”, “Çowdur han üçin” ýaly goşgularynda türkmen-owgan gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda alnyp barlan işler beýan edilýär.

Şahyryň watançylyk mazmunly şygyrlarynyň esasy aýratynlygy il agzybirligini, döwlet berkararlygyny wasp edýändigindedir. Köňlünde Watana, halka çäksiz söýgini beslän Magtymguly Pyragy ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny, türkmen halkynyň bir döwlete gulluk etmegini arzuwlapdyr. Muny şahyryň:

Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,

Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn,

Çille mest nerlerimiz barça aýylsyn,

Bir suprada eda bolsun aşymyz — diýen setirleri hem aýdyň görkezýär.

Magtymguly Pyragy her bir halk, her bir adam üçin öz mähriban Watanyndan gymmatly zadyň ýokdugyny, ony hiç wagt terk etmezligi ündeýär. Akyldar şahyr: “Her kimiň özüne Müsürdir jaýy,//Ýadyndan çykmaýyr baýramy-toýy” diýmek bilen, türkmen topragynyň mukaddesligini, ajaýyp tebigatynyň gözelligini wasp edipdir. Beýik söz ussady milli dilimiziň ähli baýlyklaryndan, çeperçilik serişdelerinden ussatlyk bilen peýdalanyp, halkyň isleg-arzuwlaryny, ýaşaýyş-durmuşyny, häsiýetini çeper açyp görkezipdir. Şahyryň şygyrlary adamlaryň aňynda ynsanperwer garaýyşlary, ýaşaýyş, durmuş barada oňyn, sagdyn pikirleri oýaryp, ruhy gymmatlyga öwrülipdir. Bu ajaýyp şygyrlar, bir tarapdan, halkyň islegarzuwyny açyp görkezse, beýleki tarapdan, durmuş, ýaşaýyş, ömür, döwlet, adalat, jemgyýet baradaky garaýyşlara içgin düşünmäge, akyl ýetirmäge itergi beripdir. Şahyryň eserlerinde öňe sürülýän esasy pikirler millet hökmünde türkmenleriň sarpasyny belent tutmakdan ybaratdyr.

Pyragynyň eserleriniň pelsepewi gözbaşy giň bolup, şahyr türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň dowamynda baýlaşdyryp gelen durmuş pelsepesini, Gündogar edebiýatynyň edebi-çeper garaýyşlaryny çuňňur özleşdiripdir hem-de milli ruhda çeperçilikli ösdüripdir.

Magtymgulynyň durmuşy, dünýewi mazmunly şygyrlarynda her bir pikir gysga we sada dilde beýanyny tapypdyr. Akyldar şahyr çeper söze çuňňur sarpa goýupdyr. «Magtymguly, ýangyl, öçgül,//Ýa lal otur, ýa dür saçgyl!» diýip, öz garaýyşlaryny «taraşlap şagladypdyr», köňül arzuwlaryny kämil derejede çeper beýan edip, özünden soňky nesillere şuglasy asyrlara uzaýan ajaýyp şygyrlary miras goýupdyr. Hut şonuň üçin-de Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy özüniň many-mazmuny, çeperçilik gymmaty babatda bu günki gün diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş Gündogaryň we dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrüldi.

Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, XVIII asyr türkmen halkynyň durmuşynda iň bir kynçylykly döwür bolupdyr. Magtymguly diňe bir öz halkynyň däl, Gündogar halklarynyň hem dost-doganlyk ýörelgelerini ösdürip, syýasy, ykdysady, medeni, söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaklaryny, ähli halklaryň ynsanperwer gymmatlyklardan ugur alyp ýaşamaklaryny isläpdir. Magtymgulynyň çuňňur pelsepewi garaýşyna görä, adamzat bagtyýar durmuşy ýola goýup, özünden öňki nesilleriň gazananlaryny ösdürip, kämilleşdirip, geljek nesillere nusgalyk işleri miras goýmaly. Munuň üçin adam öz aňynyň mümkinçiliklerinden, pähimpaýhasyndan, ukyp-başarnygyndan netijeli peýdalanmaly. Her bir ylymly-bilimli, ukypbaşarnykly ynsan özgelere nusga bolmaly. Şahyr: «Emma, ki däli köňlüm jahanda soltan eýledim» diýmek bilen, özüniň hiç wagt ruhdan düşmeýändigini aýdýar, çuň many-mazmunly pikirleriniň, köňül arzuwlarynyň ahyrynda amala aşjakdygyna ýürekden ynanýar. Ol ýagşyny ýamandan, akyllyny nadandan, çäji harpykdan saýlajak türkmen gerçekleriniň bir ýere jemlenip, külli türkmeniň agzyny aşa, kalbyny rahatlyga, bagtly döwrana ýetirjekdigine ynanypdyr.

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynda, tutumly işlerinde Magtymguly Pyragynyň erkana hem abadan durmuş, berkarar döwlet, il agzybirligi, ýurt abadançylygy, mert, watansöýüji, kämil nesilleri ýetişdirmek baradaky köňül arzuwlary, sözüň doly manysynda, amala aşýar. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan edebi mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem gymmatlygyna öwrülip, ebedi ýaşaýar.
 

Myrat TUWAKOW