Türkmen edebiýatynyň taryhyndan mälim bolşy ýaly täze edebi çemeleşmeler arkaly döredijiligiň kämil nusgasyny döreden beýik söz ussatlarymyzyň mirasynda täze ýola, täze döwre, täze ýaşaýyş-durmuş gatnaşyklaryna bolan çagyryş eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragy we Jelaleddin Rumy hem umumadamzat gatnaşyklarynyň sazlaşygyny döretmäge gönükdirilen ugurlary saýlap alyp, ýaşaýşa döredijilikli çemeleşmek, bilimiňi baýlaşdyrmak, dostluk däplerini pugtalandyrmak ýaly bähbitli ýörelgeleri ösdüren akyldarlardyr. Olaryň ynsan mertebesini goramak babatdaky pikir-garaýyşlaryjemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kämilligini gazanmaga gönükdirilendir. Şunda esasy maksat kämillik hakyndaky garaýyşlaryň üsti bilen, adamyň ukyp-başarnygynyň, güýç-kuwwatynyň çäksizdigi hakyndaky pikiri öňe sürmekdir. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, Gahryman Arkadagymyzyň: «Kämilleşmek — akyl-paýhasyň, aň-düşünjäniň, ukyp-başarnygyň sözüň doly manysyndaky hereket ediş çägini ýaýýanlygyndadyr» diýen çuňňur pelsepewi garaýşynyň düýp mazmunyna Magtymguly bilen Rumynyň döredijiligi arkaly hem göz ýetirmek bolýar.
Magtymguly bilen Rumynyň döredijiliginde adamzat ýaşaýşynyň gapma-garşylykly gatnaşyklaryny ylalaşykly ýaşamak hakyndaky pelsepäniň üsti bilen özgertmäge bolan çagyryş ilkinji orunda durýar. Olaryň eserlerinde hereket edýän kämil ynsanyň esasy maksady taryhyň sapaklaryndan tälim almak arkaly täze mümkinçiliklerde öz ornuňa eýe bolmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin bu iki söz ussadynyň durmuş pelsepesiniň esasy üns merkezinde «Durmuşda öz ornuňy tapmak üçin täze gözýetimlere uzaýan ruhy galkynyşy, aň kämilligini nähili ýörelgeleriň esasynda ösdürmeli?» diýen ýaly sowallar durýar.
Jelaleddin Rumynyň: «...Aýtsana täze söz, dünýä täzelensin! Şeýle bir sözlemeli welin, dünýäniň ähli serhetlerini aşmaly, serhet näme, ölçeg näme, hatda şony hem bilmeli däl» diýen sözi bar. Şu jümläniň esasynda Rumynyň kämillik, täzeleniş we özgeriş babatda serhetsizligiň, ölçegsizligiň ilkinji orunda durýandygy barada öňe sürýän pikirini görýäris. Akyldaryň adamyň ukyp-başarnygynyň çäksizdigini yşarat edýän pikirleriniň esasy maksady adamy mümkinçilikleriň giňişligine çekmekden ybaratdyr. Magtymguly Pyragynyň: «Magtymguly, sözlegil sen her bapdan» diýen jümlesinde öňe sürýän pikiri hem, edil Rumynyň ýokarky setirlerindäki ýaly, adamy ukyp-başarnygyň uç-gyraksyz ummanyna aralaşdyrmakdyr. «Her bap» düşünjesiniň özi çäklendirmelerden çykan düşünjeleriň giňişligine yşarat edýär. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» «bap» sözüniň «ähli zat hakda, her bir zat hak-da» diýen manysynyň bardygy bellenilýär. Diýmek, şahyryň «her bapdan sözlemek» düşünjesi adamyň durmuşynyň ähli taraplaryny öz içine alýan düşünjeleriň gurşawynda hereket edýär.
Magtymgulynyň şygyrlarynda söýgi, ynam, ylham möwç urýar. Ýaradanyň ýalkawyna ýetmäge bolan ynanjy, ynsana, ýaşaýşa hoşniýetli garaýşy, öz halkynyň taryhyna buýsanjy, ýagşy gylykly adamlara hoşallygy, ajap zamananyň geljegine ynamy bu günki gün şahyryň akyl-paýhasynyň dürdänesine öwrülip, älem giňişligine ýaýylýar. Şahyryň şygyrlaryndaky çäksizlik düşünjesi bakylyga eýe bolmagyň ilkinji şertidir. Şeýlelikde, döwlet, bitewülik babatda orta atýan pikirleriniň esasynda gelen netijesi şahyryň döwür we adam bilen bagly pikirleriniň sazlaşykly gurluşyny emele getirýär. Hatda:
Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň
- diýen setirlerinde hem adam ukyp-başarnygynyň hereket edýän giňişligine üns çekilýär. Bitewülik, jebislik, agzybirlik güýjüniň jemlenmeginden döreýän çäksiz kuwwat bilen gazanylýan ömür dowamaty hakynda gürrüň gozgalýar. Şahyr bu bitewülikde döredijiligiň, ukyp-başarnygyň birleşmesini görýär. Ol birleşme şahyryň bütin döredijiliginde gozgaýan meseleleriniň güýjüni çäksizlige ugrukdyrmak ukybyna syrykdyrýar. Gahryman Arkadagymyz şahyryň ýokardaky goşgy setirleriniň türkmen halky üçin milli sena bolup hyzmat edendigini bellände, şahyryň ümmülmez giňişlige çagyrýan döredijilik kuwwatyny nygtaýar. Diýmek, şahyr bu setirlerinde, ilkinji nobatda, jemgyýetçilik zerurlygyny suratlandyrýan hem bolsa, esasan, halkyň mümkinçiliginiň kuwwatyna bil baglamagy ündäpdir. Şeýlelikde, şahyryň döredijiliginde bitewüligi, güýç-kuwwaty, çäksizligi nazarlaýan taglymy — ideýasy adamzat üçin möhüm bolan bähbitleriň umumylaşdyrylmasy hökmünde orta çykýar.
Magtymguly Pyragynyň adamzat bähbitli işler baradaky ündewlerinde öňe çykaran zerurlygy hereketdir:
Kimýany topraga çalsaň,
Toprakdan zer behem eder.
Her ne ki ýere seper sen,
Sepdigiň ýer behem eder...
Behem etmek — gazanmak, hasyl etmek, ele getirmek, ýygnamak diýen manylara eýe. Bu setirlerde öňki bar bolan ýagdaýdan çykyp, täze bir durmuşa tarap ugrugýan hereketden söz açylýar. Şahyr: «Ýagşylyk — ýar behem eder», ýagny «Ýagşylyk etseň, dost-ýaryň artar» diýse, «Müň gaýgy bir iş bitirmez, //Töwekgel — ner behem eder» diýip, gam-gussadan daşda durmak, ynsan üçin bähbitli boljak jemgyýetçilik gatnaşyklary, umuman, täze bir dünýä, ýaşaýşa geçmek hakynda söz açýar. Şunuň ýaly many-mazmunly setirlerde şahyryň özüniň hereket babatdaky şahsyýetlik keşbi hem janlanýar. Şahyr:
Janda derdim söztär boldum,
Il-ulusym biler diýip.
Ýiten ykbal gözlär boldum,
Gaýdyp, gola geler diýip
- diýmek bilen, özüniň suratlandyrýan dünýäsiniň hem-de ukyp-başarnygynyň yhlas-hereket arkaly kemala gelendigini mälim edipdir. Hatda bu bendiň soňky iki setirinde, ýagny «Ýiten ykbal gözlär boldum, //Gaýdyp, gola geler diýip» diýen setirlerde şahyryň dowamatlylygy gazanmak ugrundaky aladasy ýaňlanýar. Şahyrlyk meýdanyna çykmaga täsirini ýetiren sebäpler we zerurlyklar, şahyrlygyň güýji bilen şol aýratynlyklaryň bähbidini aramak, türkmen edebiýatyna täze bir ugur beren döredijilik arkaly bolsa bir döwre sygmaýan, bir halkyň çäginden has uzaklara aralaşýan, dünýäniň serhetlerini aşýan çäksizlik ugrundaky hereket beýik maksada ýetmegiň serişdesini döredipdir. Şeýlelikde, Magtymgulynyň bu gözlegleriniň esasynda Rumynyň: «Owadan günler seniň ýanyňa gelmez, sen olara tarap ýöremelisiň» diýen pähiminiň özboluşly düşündirişi kemala gelipdir.
Magtymgulynyň döredijiliginde adamyň hemişe bakylyga ymtylýan häsiýetli aýratynlygy öz beýanyny tapýar. Muny şahyryň täze döwür, täze galkynyş ýolunyň gözlegleri ugrundaky pikirleri hem subut edýär. Onuň kämillik babatdaky pikirleri şol çäksizligiň güýç-kuwwatyny teswirläp, asyrlarboýy ýaşap ýörşüne, döwürler bilen deň gadam urup barşyna, uç-gyraksyz çäksizlige ýaýylýar. Munuň özi Magtymgulynyň söz gudratynyň çäksizligine ynamy döredijilik arkaly subut bolýar diýmekdir.
Şeýlelikde, birinjiden, şygyr sungatyň ruhy güýç berýän baýlykdygyny, ruhubelentligiň çeşmesidigini subut etse, ikinjiden, söz gudratynyň çäksizligine bolan garaýşy äleme ýaýýar. Bu ýagdaý şahyryň «her baplyk» hakyndaky garaýşynyň dürli ugurdaky pikirini bir ýere çugdamlandygyndan habar berýär. Şahyr şahyrana hyýalyň, söz ussatlygynyň, kämil döredijiligiň bakylygyň esasy sebäpleriniň biridigini subut edýär.
Magtymguly adam ykbaly, ýazgydy barada söz açsa-da, ýaşaýyş mümkinçiliklerini, durmuş şertlerini kaýyllyk bilen kabul etmek hakyndaky däl-de, eýsem, täsin bir ruhubelentlik, erjellik arkaly gazanmak hakyndaky pikirleri bilen galkyndyrýar. Şahyr halkyny, neslini takdyryň eline berenok. «Gorky, umyt ortasynda haýranam» diýse, ýene bir ýerde:
Yşk derýasy doldy, daşdy, gaýnady,
Täze hyruç eýläp, gyzmaly boldum.
Köňül tagty möwç üstünde oýnady,
Onda guwwas bolup, ýüzmeli boldum
- diýip, adamlary bagtyýar geljege bolan çäksiz ynamyň başyna jemlemäge çalşypdyr.
Magtymguly şahyryň döredijiligindäki adama bolan çäksiz gadyr-gymmat, ynsan mertebesi Arkadagly Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly jümlesi arkaly dünýä ýaýylýar.
Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgeiri.