Magtymguly – ylham çeşmesi (Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar). – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. –S. 9-14
Batyrlygyň, adamkärçiligiň azatlygyň, zähmetsöýerligiň, halallygyň, watanperwerligiň, parasatlylygyň, kiçigöwünliligiň, kanagatlylygyň, oňşuklylygyň, myhmansöýerligiň, umytlylygyň, ýoldaşlylygyň we adama mahsus gaýry bir topar oňat häsiýetleriň hemmesini özünde jemleýän türkmeniň hakyky bitewi keşbi häli-häzirlerem Magtymgulynyň döredijiligindäki ýaly derejede doly we hertaraply, çeper we çuňňur, ähli döwürleriň durmuş hakykatyna laýyk gelýän röwüşlerde şekillendirilen däldir.
Yslamyň Gurhanda şertlendirilen ýörelgelerini, diniň halallyk düzgünlerini ýoýýan «dindarlary», goý, ol molla, kazy, ýa başga bir din hadymy bolsun, tapawudy ýok, şonuň ýaly kişileri berk ýazgarandygy, ýiti tankyda sezewar edendigi Magtymgulynyň döredijiliginiň häli-şindilerem ähmiýetini ýitirmeýän ugurlarynyň biridir. Bu – Taňrynyň dergähine haýyr-sogaply, hemmetaraplaýyn päk sypatda barmagyň ýoluny şahyryň görkezýänliginiň, oňa adamlaryň ýadynda, kalbynda ýagşy häsiýetli ynsan şekilinde galmagyň zerur bir çäresi hökmünde garaýandygynyň nyşanydyr. Magtymguly öz şygyrlarynda tankyda azaşany dogry ýola düşürmegiň, nebis belasyna uçranlary kanagatlylyga çagyrmagyň, dinden we ilden çykanlary ýene-de dine we ile ýaňadan goşmagyň täsirli serişdesi hökmünde giň gerim berýär. Bu usul öz nobatynda şahyryň goşgularynyň ahlak tarapyny güýçlendirýär we olary umumy adamzadyň hyzmatynda goýýar.
Edebiýaty öwrenijiler Magtymgulyny birde idealist, birde bolsa materialist edip görkezmäge-de synanyşdylar. Ýöne biz Magtymgulyny realist hasaplaýanlar mamlamyka diýýäris. Sebäbi, realizm düşünjesi durmuş hakykaty bilen üznüksiz baglanyşyklydyr. Ol idealizmi-de, materializmi-de, sopuçylyk tendensiýalaryny-da öz içine alýan düşünjedir.
Geçen asyryň segseninji ýyllaryndan bärligine Magtymgulyny, aýratynam, onuň döredijiliginiň din we sufizm bilen bagly taraplaryny öwrenmäge başgaçarak, täzeçe çemeleşmek öz ýüzüni görkezip ugrady. Şahyryň sowet zamanynda gadagan edilen şygyrlary /«Bagyşla, bizni»/ halka ýetirildi. Filologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylym we tehnika baradaky Döwlet baýragynyň eýesi Muhammetnazar Annamuhammedowyň «Magtymguly, gizlin syryň bar içde» / 1-nji kitap–1994, 2-nji kitap – 1997/, köne edebiýaty öwrenmäge yhlas baryny siňdiren, ökde edebiýatçy alym ýoldaşymyz Ahmet Bekmyradowyň «Magtymgulynyň poeziýasynda şahyrana däp we täzeçillik gözlegleri» /türkmençesi – 1989, rusçasy–1993/ ýaly düýpli monografiýalar ýazylyp, olarda ilkinji gezek öňe sürülýän tereň, çynlakaý maglumatlara ylmy jemgyýetçiligiň we okyjy köpçüliginiň ünsi çekildi.
Magtymgulynyň ady bilen bagly segseninji ýyllardan bärligine rowaçlanan ýene bir ugur ýatlanylmaly. Ol şahyryň eserleriniň tekstologik derňewi, köp awtorlara, şol sanda Magtymgulynyň adyna berlip gelýän şol birmeňzeş şygyrlaryň hakyky ýazaryny hem-de akyldaryň doglan we ýogalan ýyllaryny anyklamak bilen bagly ugurdyr. Bu ugra degişli başlangyç işler akademik B.A. Garryýew, Z.B. Muhammedowa, G. Nazarow, A. Mülkamanow ýaly edebiýatçy alymlar tarapyndan ýazyldy. Başlangyç işler hökmünde olarda Magtymgulynyň obrazly pikirlenmekdäki aýratynlyklary, özboluşly stil öwüşginlikleri her taraply ýüze çykarylmandy.
Soňky ýyllarda filologiýa ylymlarynyň doktory, TYA-nyň habarçy agzasy Annagurban Aşyrowyň işlerinde bu meseläniň bir topar tarapy özleriniň dogry ylmy çözgütlerini tapdy. Dogrusyny aýtsak, alym bu ugur bilen indi ençeme ýyllardan bäri meşgullanyp gelýär. Onuň «Magtymgulynyň golýazmalarynyň teswiri» /1984/, «Magtymgulynyň golýazmalaryny yzarlap...» (1995) ýaly monografiýalarynda, gazet-žurnal sahypalarynda çap bolan makalalarynda şahyryň terjimehaly barada hem, hut özüne we içinde onuň eserleri duşýan golýazmalar, daşbasma diwanlary barada hem, jedelli goşgularyň tekstologik teswire daýanylyp, olaryň Magtymgulynyň galamyna degişlidigi ýa-da däldigi hakynda hem degerli pikirler ýöredilýär. Şol pikirler täzeligi, ynandyryjylygy bilen tapawutlanýar.
1985-nji ýyldan soň, Garaşsyzlyk döwrümizi-de goşup aýtsak, Magtymgulynyň şahsyýeti dogrusynda ýene bir alamata üns bermegimiz gerek. Sowet zamanasy diýlen döwürde şahyry ateist edip görkezjek boluşlary ýaly, soňky ýyllarda ýazylan makalalarda, ylmy-edebi barlaglarda, çap bolup çykýan monografiýalarda Pyragyny baryp ýatan sopy (sufist) edip görkezmek meýli hem rowaçlandy. Şeýle birýanly çemeleşme häzir hem dowam edýär. Ilkibaşkyrak döwürlerde, hamana, Magtymgulynyň sopuçylygyň nagyşbendiçilik ugruny saýlap alandygy tekrarlanyp görkezildi. Soňky ýyllarda bolsa onuň örän meşhur sopy şahyr bolandygy aýdylyp gelinýär. Şeýle-de bolsa, käbir edebiýatçylaryň işlerinde has ýakyn wagtlardan bäri şahyryň durumyna, döredijilik ylhamyna başgarak çemeleşmeler hem ýok däl. Mysal üçin, beýik akyldaryň sopuçylygy bilen bagly A. Bekmyradowyň käbir pikirleri üns bererlikdir. Ol «Tilim guş tilidir, suratym – ynsan» diýen makalasynda «Magtymguly döredijiliginiň belli bir döwründe sufistik dünýägaraýşyň täsirine düşüpdir» diýip ýazsa, «Pyragynyň düýşlerini ýorup bolmazmyka» diýen başga bir makalasynda «Şahyr özüni ykrar etdirdi, döredijilik güýjüne eýe boldy. Ýöne ol mundan soň beýleki sopular ýaly pirlige – halypalyga hyýal edenok. Gol gowşuryp, Hak diýip oturmak onuň asla hyýalynda ýok» diýip, örän delilli oýlanmalary orta atdy. Bu böleklerdäki şahyryň ömrüniň «belli bir döwründe» hem-de Magtymgulynyň «gol gowşuryp, Hak diýip oturmak» hyýalynyň ýokdugy dogrusyndaky aýdylanlar, Pyragynyň şahyrlyk, pelsepeçilik babatlarda sopulara, hatda onuň tanymal wekillerine garanda hem üýtgeşik, özboluşly pikirlenýändigini, edebiýatçynyň bolsa şoňa dogry düşünendigini aňladýar. Germaniýaly türkmen edebiýatçysy Begmyrat Gereý, mysal üçin, Magtymgulyny we onuň döredijiligini sopuçylygyň bellibir galybyna sygdyryp bolmajakdygyny ýazsa, özbegistanly alym Ergeş Açylow Magtymgula onuň sopyýana şygyrlarynyň däl-de, dünýewi, gündelik durmuş bilen bagly goşgularynyň tanymallyk, at-abraý, baky şöhrat-şan getirendigini belleýär.
Dogry, Magtymguly, umuman, sopuçylygy goldapdyr, ol temadan örän ajaýyp eserler döredipdir, emma özi welin sopy bolmak islemändir ýa-da ol ugurlaryň, olarda çaprazlyklaryň kändigine görä, haýsysyna gol ýapmalydygyny seljerip bilmän, özüni öz goşgularynda ugur-utgasyny ýitiren şahsyýet hökmünde häsiýetlendiripdir. Soňam yslamyň kada-kanunlaryna we hakyky durmuş hadysalaryna dolanyp gelipdir. Sopuçylyk bolsa, şol döwür şahyrlarynyň we ýaşaýjylarynyň aglaba köpüsiniň aňynda ornaşyp galan kesgitli bir düşünje hökmünde – amala aşyrylmasy kyn we ähtimal, asla-da mümkin däl bir düşünje hökmünde akyldaryň döredijiliginde, oňa ynjalyk bermeýän, onuň akyl gämisini häli-şindi batga batyrýan mesele şekilinde şöhlelenipdir. Gepiň gysgasy, biz geljekde bu çökder meseläniň-de aýyl-saýyl edilmelidigine edebiýat jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek isleýäris.