IMG-LOGO

Magtymguly. Eserler ýygyndysy. II jilt. –A.: “Ylym” neşirýaty, 2013. – S. 382-384. Magtymgulynyň golýazmalarynyň derňewi (ylmy derňewler). –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. – S. 283-319.

MAGTYMGULY HAÇAN DOGLUPDYR?

Akyldar şahyryň terjimehalyny öwreniji alymlaryň çaklamalaryna görä, Magtymguly Pyragy 1724-nji ýylda doglupdyr we 1807-nji ýylda dünýeden ötüpdir. 
Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda Magtymgulynyň durmuş we döredijilik ýoluny ylmy esasda öwrenmekde ep-esli işler edildi. Muňa seretmezden, taryhy çeşmeleriň gytlygy zerarly, entek doly aýdyňlaşdyrylmadyk meseleler hem ýüze çykýar. Şeýle meseleleriň biri hem şahyryň doglan we dünýäden öten wagtyny anyklamak meselesidir.

Okuw kitaplarynda, şonuň ýaly hem beýleki ylmy işlerde şahyryň doglan we aradan çykan ýyllary dürli-dürli berilse-de, esasan, 1733-1782-nji ýyllar getirilýär. Bu seneleriň şahyryň biografiýasy bilen baglanyşdyrylmagy wenger alymy A.Wamberiniň «Orta Aziýa syýahat» atly kitabynyň esasynda. A.Wamberi öz kitabynda şeýle ýazypdyr: «Ol (Magtymguly–A.A.) türkmenleriň gökleň taýpasyndan, segsen ýyl mundan ozal bolupdyr». Mälim bolşy ýaly, A.Wamberi Orta Aziýa 1863-nji ýylda gelýär. Şol ýyl hem Gyzyl ahundan ol şahyr baradaky maglumatlary alýar. Ine, şol maglumat esasynda hem Magtymguly 1783-nji ýylda dünýäden ötüpdir diýlen netijä gelnipdir. A.Wamberi Magtymgulynyň näçe ýaşda aradan çykandygy, has dogrusy, şahyryň doglan wagty barada hiç hili maglumat bermändir. Muňa garamazdan, Magtymgulynyň doglan senesi hökmünde 1733-nji ýylyň kabul edilmegi hem A.Wamberiniň Gyzyl ahuna salgylanyp beren ýokarky we halk maglumatlarynyň esasyndadyr. Bu hakda türkmen edebiýatyny ilkinji öwrenijileriň biri Ahundow Gürgenli 1939-njy ýylda şeýle ýazýar: «XIX asyr Ýewropa alymlaryndan Wamberiniň diýmegine görä, Magtymguly 1783-nji ýylda aradan çykan bolsa, soňky wagtlarda onuň öz nesilleriniň arasyndan ýygnalan has ynançly bir materialymyza görä, Magtymguly 1195-nji hijri, ýagny 1780-nji ýylda 49 ýaşynda wepat bolupdyr». A.Gürgenli 1940-njy ýylda Magtymgulynyň şygyrlaryny çap etdirip, oňa ýazan sözbaşysynda hem bu pikirini gaýtalaýar: «Magtymguly 1731-nji ýylda eneden doglup, 1780-nji ýylda hem ölýär». Bu neşiriň yzýany, ýagny 1941-nji ýylda Ruhy Alyýew bilen Gürgenli Ahundow şahyryň şygyrlarynyň üçünji neşirini çap etdirýärler. Magtymgulynyň bu neşirine sözbaşy ýazan R.Alyýew: «Magtymguly Pyragy 1733-nji ýylda Etrekde, Giňjaý diýen ýerde Akdepe atly belli depäniň ýanynda eneden doglupdyr» diýip, şahyryň doglan ýylyny A.Gürgenliden tapawutlylykda 1733-nji ýyla getirýär. R.Alyýew şahyryň aradan çykan senesi barada hem A.Gürgenliden tapawutly pikir ýöredýär. Has takygy, ol bu barada şeýle ýazýar: «Magtymguly 50 ýyl çemesi ýaşap, 1782-nji ýylda ölüpdir» .

Magtymgulyşynas B.A.Garryýew «Türkmen edebiýaty biziň guwanjymyzdyr» atly makalasynda: «Magtymguly 1733-nji ýylda Etrek çaýynyň boýunda eneden dogulýar, ýene şol ýerde 1782-nji ýylda aradan çykýar» diýip, R.Alyýewiň Magtymgulynyň ömri bilen bagly getiren senelerini getirýär. Görnüşi ýaly, bu meselede magtymgulyşynas B.Garryýew şahyryň dünýäden öten senesi hökmünde A.Wamberiniň ýazgysyny esas edinip alsa, şahyryň doglan wagty hökmünde R.Alyýewiň pikirini goldaýar. Şeýlelikde, 40-njy ýyllarda we şondan soňky ýyllarda ýazylan ylmy işlerde, okuw kitaplarynda hem, esasan, bu seneler alyndy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen magtymgulyşynaslaryň birnäçesi bu senelere ikirjiňlenip başlaýarlar. Sebäbi şahyryň şygyrlary bilen içgin tanşan mahalyňda, şahyr baradaky halk materiallaryny içgin öwrenen pursadyňda Magtymguly 1733-nji ýyldan irräk doglup, 1782-nji ýyldan gijräk ýalançy bilen hoşlaşan bolaýmasyn diýen çaklama döreýär. Magtymgulynyň doglan we aradan çykan ýyllary baradaky gelnen netijelere ilkinjileriň hatarynda ikirjiňlenme bilen seredenleriň biri hem akademik B.A.Garryýewdir. Ol eýýäm 1950-nji ýylda «Magtymgulynyň terjimehaly hakynda» atly makalasynda şeýle ýazýar: «Magtymgulynyň açyk haýsy ýyl eneden bolup, haýsy ýyl hem aradan çykandygy mälim däl, sebäbi bu meselä degişli taryhy dokument galmandyr» .

Belli alym R.Rejebow hem şahyryň durmuşy bilen bagly senelere ikirjiňlenip, «Magtymgulynyň doglan ýylyny anyklamak ugrunda» diýen at bilen ýörite makala ýazypdyr. Şahyr bilen baglanyşykly berilýän 1733–1782-nji ýyllary professor Mäti Kösäýew hem «Edebiýat barada söhbet» atly kitabynda şübhe astyna aldy .

Professor G.Geldiýew bolsa «Magtymgulynyň ýaşy barada» atly uly göwrümli makalasynda şahyryň ýaşy bilen baglanyşykly öňki aýdylan pikirleri ylym eleginde eläp, şeýle netijä gelýär: «... Magtymguly 1783-nji ýylda aradan çykypdyr» diýlip ýazylyp gelinýär. Emma munuň yrgadygyny ýokardaky subutnamalar görkezýär» .

Şu setirleriň ýazary hem özüniň «Magtymgulynyň golýazmalaryny yzarlap...» atly kitabynda Magtymguly baradaky ulanylyp gelnen 1733–1782-nji seneleriň nädogrudygyny halk maglumatlarynyň, ilkinji nobatda bolsa, şahyryň golaýazmalarynyň mysalynda inkär etdi .

Getirilen salgylanmalardan görnüşi ýaly, magtymgulyşynaslaryň birnäçesi şahyryň doglan we aradan çykan ýyllary, şeýle hem ýaşy bilen baglanyşykly 1940-njy ýyllarda gelnen netijeler bilen ylalaşmaýarlar. Näme üçin? Geliň, seljermäge synanyşalyň. Ilki bilen şahyr näçe ýaşynda dünýäden ötüpdir diýen sowala jogap gözläliň. Biz ýokarda Magtymgulynyň 1940-njy ýyldaky neşirini çapa taýýarlan Ahundow Gürgenliniň halk maglumatlaryna esaslanyp, Magtymguly 49 ýaşda aradan çykypdyr diýen pikirini ýatlapdyk. Başga bir maglumatda, has takygy, Tagta raýonynyň (häzirki Görogly etrabynyň) Garagulak obasynda ýaşan Sopy Amanowyň dilinden 1958-nji ýylda ýazylyp alnan maglumatda şahyryň 84 ýaşda dünýäden ötendigi nygtalýar:

Elbetde, bu goşgynyň näderejede Magtymgulynyň galamyna degişlidigini seljermek kyn. Halk maglumatlarynda ölüm ýassygynda ýatan Magtymgulynyň öýüň işigini açdyryp, dünýäni synlap, «Jahanda näler görüner» atly goşgusyny goşandygy barasynda aýdylýar. Başga bir halk maglumatynda, has takygy, belli sazanda Täçmämmet Suhanguly oglunyň 1941-nji ýylda beren maglumatyna görä, Magtymguly ölmeziniň öň ýany «Bady-sabany görsem» bilen «Seýil edeliň» («Jahanda näler görüner») diýen gazallaryny aýdypdyr. Eger şu maglumatlardan ugur alynsa, dünýä bilen hoşlaşmaly pursadynyň ýetip gelendigini duýan Magtymgulynyň şeýle goşgyny döretmegi hakykatdan gaty bir üzňe hem däl. Eger Magtymguly bu goşgyny goşmadyk bolaýanda hem, goşgy Magtymgulynyň ölümine ýürekden gyýlan kimdir biri tarapyndan döredilen bolsa hem, barybir, bu bent şahyryň oraza aýynyň onuna, 84 ýaşynda dünýäden ötenligi barada maglumat berýänligi bilen gymmatlydyr. Magtymgulynyň tutuş diwanyny, has takygy, 300-den gowrak goşgusyny ýatdan bilen Sopy Amanowyň beren maglumaty bilen utgaşyp gidýän maglumaty Hojaili şäherinden Gulmyrat Kary hem beripdir . Onuň beren maglumatynda hem şahyryň 80 töweregi ýaşap dünýäden ötenligi tassyklanýar. Bu meselede alymlar näme diýýär? Olaryň bu baradaky pikirlerini seljermäge geçmezden ozal bir zady nygtamakçy. Magtymgulynyň ýaşy hakyndaky ol ýa-da beýleki pikiri aýdan alymyň bu meseledäki iň soňky aýdan pikirleri esas hökmünde alyndy. Munuň hem sebäbi, wagtyň geçmegi bilen, täze materiallaryň ýüze çykmagy bilen alymlar öz pikirlerini üýtgedipdirler. Şeýle mysallara biz belli magtymgulyşynaslar akademik B.A.Garryýewiň, professor M.Kösäýewiň işlerinde hem gabat gelýäris.

Akademik B.A.Garryýew «Magtymguly» atly kitabynda: «Magtymgulynyň jemi näçe ýaşandygy-da belli däl» diýen netijä gelýär.

M.Kösäýew «Edebiýat barada söhbet» atly kitabynda ýaşulularyň, halk maglumatlarynyň köpüsiniň Magtymgulynyň 70-80 ýaşdan agan adam bolandygyny nygtaýandygyny belläp, şahyryň «Belli» atly goşgusyna salgylanyp: «...ýaşynyň (Magtymguly–A.A.) sekizinji onuň çetinden girip ugrandygyny habar berýär» diýip ýazýar .

Indi şahyryň şygyrlaryna ser salalyň. Magtymguly öz şygyrlarynda mahal-mahal öz ýaşyny ýatlap durupdyr. Beýle ýagdaý XVIII–XIX asyr klassyk şahyrlarymyzda seýrek gabat gelýär. Şahyryň öz ýaşyny ilkinji ýatlaýan şygry ruhubelent, joşgunly ýagdaýda dörän «Geçmişem, begler» atly goşgudyr. Bu şygyrda şahyr:

diýip, özüniň 20 ýaşyndadygyny nygtapdyr .

Magtymguly «Jana geldiň» atly goşgusynda özüniň 25 ýaşa ýetendigini nygtaýar:

Şahyryň Milli golýazmalar institutyndaky 400-nji bukjada saklanýan diwanyndaky «Çagdyr bu çaglar» atly goşgusynda:

diýip, özüniň otuz ýaşa gidendigini nygtasa, şol bukjadaky «Nazar eýle» atly şygrynda, eýýäm otuz dört ýaşa barandygyny belleýär:

Şahyr «Joşa düşüp sen» atly şygrynda hem özüniň 34 ýaşa barandygyny nygtaýar:

Şahyr özüniň meşhur «Ajap eýýam gelmedi» atly şygrynda:

diýip, kyrk ýaşa barandygyny nygtasa, «Ýetişdi salym» atly goşgusyndan biz aşaky setirleri okaýarys:

Magtymguly özüniň elli ýaşandygyny «Mert bolmaz» atly şygrynda hem aýdyp geçýär:

«Pynhan eýlär» atly goşgusynda bolsa şahyr:

diýip, ýaşynyň elliniň içindedigini tassyklaýar .

Şahyryň altmyş ýaşa barandygyny nygtaýan goşgular şahyryň 1123-nji bukjada saklanýan diwanynda gabat gelýär. Şahyryň bu diwanyndaky «Bagtym garadyr» atly elegiýasyndan aşaky bentleri okaýarys:

«Ýyl bile» atly goşgy hem özüniň suratlandyrýan ruhy ahwalaty boýunça «Bagtym garadyr» atly şygyr bilen bir perdeden turýar:

Şundan görnüşi ýaly, şahyr «Bagtym garadyr» atly şygrynda ýaşynyň altmyşa golaýlandygyny ýaňzytsa, «Ýyl bile» goşgusynda altmyşdan agandygyny nygtaýar. Magtymgulynyň alymlar tarapyndan iň ygtybarly golýazmalarynyň biri hasaplanylýan 400-nji bukjada saklanýan diwanyndaky «Joşa ýetdiň» atly şygyr hem Magtymgulynyň şahsy durmuşy bilen bagly bolsa gerek. Birbada seredäýeniňde umumadamzat ýaş aýratynlyklary dogrusynda gürrüň edilýän ýaly görünýän bu goşga siňňin syn edilse, onuň hut Magtymgulynyň özi bilen baglanyşykly döredilendigini duýmak bolýar:

Bu bentde, biziň düşünişimizçe, şahyr öz perzentsizligini, ýagny bagyndan bar (miwe) almandygyny, ony tagynda (pudagynda) nowçalygynda hazan urandygyny gussa bilen ýatlaýar. Hakykatdan hem, halk maglumatlaryna we şahyryň elegiýalaryndan aňylyşyna görä, onuň iki perzendi bolup, olar hem «göklüginde orulýarlar» . Ýokarda mysal getirilen bendiň başky iki setiri, ine, şu ýagdaýlar bilen baglanyşykly. Hut şonuň üçin hem biz bu goşga umumadamzat ýaş aýratynlyklaryna bagyşlanan şygyr däl-de, Magtymgulynyň şahsy durmuşy bilen bagly şygyr hökmünde seredýäris. Muňa şahyryň umumadamzat ýaş tapawutlary baradaky «Many bilmez ýaşynda» atly şygry bilen «Joşa ýetdiň» atly goşgusyny deňeşdiren halatyňda hem göz ýetirse bolýar. Gepiň küle ýeri, Magtymgulynyň «Joşa ýetdiň» atly goşgusy şahyryň öz durmuşy bilen baglanyşykly bolup, ol bu eseri 70 ýaşdan geçeninden soň döredipdir: