IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝÜZ URSAŇ

Doga kylsam, dergähe duş gelermi?
Säher turup, Biribara ýüz ursaň.
Ýa, Rep, bir Hak dosty hoşwagt bolarmy,
Bir köňül çün ýüz hünäre ýüz ursaň.

Säher turup, nalyş kylsaň Hudaýa,
Güne gol göterip, ýalbarsaň Aýa,
Döwlet üçin baksaň döwlet humaýa,
Genç üçin syhr okap, mara ýüz ursaň.

Gark olsaň derýaga, duş gelseň derde,
Tama üçin açma ýüzüňden perde,
Katlan, dileg etme gedi namarda,
Işiň düşüp, dosta-ýara ýüz ursaň.

Namarda ýüz ursaň, işiň gaýyrmaz,
Itden sümek islän bir zat aýyrmaz,
Tilki özün günde bir hem doýurmaz,
Ýegdir, aç hem bolsa, şire ýüz ursaň.

Magtymguly, gerçe bagtyň şor olar,
Möwlam nazar salsa, döwlet ýar olar,
Gam senden sowular, derdiň du:r olar,
Kemal han owgan dek äre ýüz ursaň.

Görülen sany: 1552
Okalyşyna berlen baha: 2.9