Deňsiz bile deň eýleseň özüňi,
Dert boluban, sözi geçer janyňdan.
Yrak bolma gadryň bilen gardaşdan,
Her iş tutsaň, ol guwanar ýanyňdan.
Gahra münüp, galdyrmagyn şeýtany,
Söze uýup, unutmagyn Rahmany,
Kesse aklyň ýagşy bilen ýamany,
Her bir söze dolup-daşma ganyňdan.
Sabryň bolsa, Suhan ýeter dadyňa,
Jeňňi-jedel laýyk däldir adyňa,
Alma ýaman sözi hergiz ýadyňa,
Tiken bolup dürtüp geçer donuňdan.
Barça bolan işler Hakyň işidir,
Oňa ten bermeýen – akmak kişidir,
Bir ýaman söz jana ýylan dişidir,
Soksa, zähri asan çykmaz iniňden.
Magtymguly, ýalançydyr bu jahan,
Mesde akyl bolmaz, gäwürde − iman,
Jaýyn tapsa, garynja deý pes duşman,
Arslan bolup, el götermez şanyňdan.