IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

NAMYS BILEN AR

Pelek, hijran sary atyň çapar sen,
Gerekmesmi saňa namys bilen ar.
Gökde uçan murgy bir dem gapar sen,
Myrada ýetirmän kyldyň hary-zar.

Ne peýda bar aşna kylsaň giýewden, 
Biziň daglar paýyn almyş ol gäwden,
Aşyklary jyda kylyp birewden,
Gül roýuna eýleýip sen intizar.

Ýat edermen bir ýaradan Hudany,
Gazanyp men çoh sözleýip günäni,
Özi ýetip eýlemese penany,
Pelek meni kyldy nara giriftar.

Hak sylaýyp bermiş, bize bu dili,
Gül üstünde bent eýlemiş bilbili,
Meňli hanyň gül roýunda sünbüli,
Handan kylyp, bezenmişdir bir şamar.

Kimse tutmaz, ýa Ýaradan, emriňi,
Bereniňde az berip sen ömrüňi,
Pelek, indi bes eýlegil jebriňi,
Haýbatyňdan ilim-günüm  bikarar.

Pany jahan şirin jany ýandyran,
Nar üstüne ataşyny indiren,
Rüstem Zaly gaýrat atna mündüren,
Äşkär kylsam, biliň, ol Ispendiýar.

Ötenden, geçenden ykbalym sardym,
Il basmaz jaýyna günde bäş bardym,
Aklym kesmeý, çoh işlere baş urdum,
Bilmemişem, pany jahan bazygär.

Sil akanda, ýelesinde daş galar,
Bedew ölse, laçynlara läş galar,
Hakyň beren ajap jaýy boş galar,
Men neýläýin jandan gaýry zernigär.

Handan eýläp, etrapymy ýol etdiň,
Gury tiken serwi kylyp, sal etdiň,
Kimseleriň zäherini bal etdiň,
Kimseleri kyldyň gury rozygär.

Yşk meýinden içip galdym gaş tutup,
Bahar çagy uklaýyp men noş tutup,
Pany dünýä diýenine güwş tutup,
Haýran galyp kylyp oňa bir bawer.

Pany dünýä gelip öten jenanlar,
Hesip eýläp gutarmadym ne janlar,
Mejnun bolan Magtymguly, ýaranlar,
Hijran dagda bolmuş Meňlä sezewar.

Görülen sany: 2485
Okalyşyna berlen baha: 3.1