IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝETIŞDI SALYM

Garrydykça, goldan gitdi ynsabym,
Eý-ä, dostlar, ellä ýetişdi salym.
Kerim-ä, gün-günden kemelip howpum,
Dembe-demden artdy bu ýaman pälim.

Daryg-a, din üçin ýokdur bir işim,
Ömrüm edalandy, agardy rişim,
Kuwwatym kemeldi, küteldi dişim,
Ýigitlik öwjünde heniz hyýalym.

Köňül dünýä zerin yzlap durupdyr,
Göz hem gözelleri gözläp durupdyr,
Dil hem gybat, ýalan sözläp durupdyr,
Şeýtan bir kapyrdyr, nebis bir zalym.

Senden medet ýetişmese, ýa Jepbar,
Bu beladan baş gutarmak haçan bar?
Howaýy-höwese boldum giriftar,
Hak gullugna ýokdur zerre mejalym.

Dostlar, ygtybarym ýokdur ömüre,
Bagtymyň syýasy reň biýr kömüre,
Talygym güneşi galmyş ümüre,
Eýäm, Sen oýandyr uýmyş ykbalym.

Hudawend-a, gerçe nebsim ýamandyr,
Dilegim dergähden nury-imandyr,
Şer işim bihetdir, günähim kändir,
Sen Özüň geçirgil, ýa, Züljelalym.

Magtymguly, yşk oduna birýanam,
Il malyna, men halyma girýanam,
Gorky, umyt ortasynda haýranam,
Taňla-magşar, ýa, Rep, ne ola halym?

Görülen sany: 740
Okalyşyna berlen baha: 0