IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝARYŇ ÝAGŞYSYN

Gawunyň ýagşysyn şagal iýr bolsa,
Namarda duş etdiň, ýaryň ýagşysyn.
Hak her kime haýyr döwlet biýr bolsa,
Patyşa bagş etdiň zeriň ýagşysyn.

Binamysy dertden aman eýlediň,
Baran jaýyn meýlis-mekan eýlediň,
Durna, gaz mesgenin umman eýlediň,
Hindige bagş eýläp ýeriň ýagşysyn.

Akyl keser, göwün galkar her bapda,
Bars-göwheri bent eýlediň mahtapda,
Bedewi − parsyda, diliň[1] − arapda,
Bagyş kyldyň bady-şütrüň ýagşysyn.

Periler oýnaýan ajap çaglarda,
Gül, bilbil bendidir Erem baglarda,
Gara daşly, gudraty köp daglarda,
Mekan eýläp goýduň garyň ýagşysyn.

Şalar aglar boldy, bagryn baş etdiň,
Aklyn aldyň, kör eýlediň, läş etdiň,
Magtymguly, diý, ne ajap iş etdiň,
Ýamana duş kylyp äriň ýagşysyn?.


 

[1] Bu ýerde Allatagalanyň Kelamy – sözi bolan Kurany kerimiň arap dilindedigi ýaňzydylýar.

Görülen sany: 968
Okalyşyna berlen baha: 0