IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝAR BIZIM SARY

Gulzumy garsanyp kyrk ýol geçer men,
Eger ki meýl etse ýar bizim sary.
Gadam ýerne ganat baglap uçar men,
Diýse dilber: «Aşyk, ýör bizim sary!»

Kyrk ýyl gol gowşuryp, gullukda dursam,
Alty günçe görmen altmyş ýyl ýörsem,
Bir şunçakly bolsa, görsem, jan bersem,
Jemalyn arz etse bir bizim sary.

Ne laýykly ýüzüm bardyr tutarga,
Ne aýry gapym bar ondan giderge,
Umydym bar, goýmaý bela-beterge,
Dergähinden açsa der bizim sary.

Bir kimse ýolukdy desti şeraply,
Ýelden jaýnamazly, suwdan mähraply,
Egni ak redaly, ýaşyl nikaply,
Ugraşdy bir ajap är bizim sary.

Ýoldaş bolup, bile ýördüm bir meýdan,
Meýdan içre dolup oturmyş merdan,
Bir eýwan üstünde çyrlap dört ýerden,
Diýdiler: «Goluňny ber bizim sary».

«Pyragy!» diýp çagyrdylar, eltdiler,
«Kandadyň?» diýp, gulagymdan tutdular,
Ustuhanym altmyş para etdiler,
Diýdiler: «Mert bolsaň, dur bizim sary».

Magtymguly, bäş gün eşret sürmäge,
Jaý imesdir eglenmäge, durmaga,
Kararym ýok oturmaga, turmaga,
Agzyn açyp durmuş ýer bizim sary.

Görülen sany: 702
Okalyşyna berlen baha: 0