IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

SATAŞDYM

Säher wagty seýran edip gezerkäm,
Ajap menzil, ajap jaýa sataşdym.
Ugrum bilmeý, ýoldan-ýola azarkam,
Hup mekana, hup saraýa sataşdym.

Ussasyz işlenen, kirşsiz gatylan,
Gymmatsyz satylan, elsiz tutulan,
Gol degmeý çekilen, oksuz atylan,
Çillesiz gurulan ýaýa sataşdym.

Niçe dostlar bilen seýranda eken,
Hatardan azaşdym, kerwende eken,
Jandan umyt üzüp, haýranda eken,
Ýyldyzdan ýol umdum, Aýa sataşdym.

Köňlüm gitdi dostlar içen şerbetde,
Olar ýüz sapada, men müň hasratda,
Aýrylyp, nalada, galdym gurbatda,
Çeşmeden suw isläp, çaýa sataşdym.

Ne tende kuwwat bar, ne içde jan bar,
Bu işde ne sud bar, bilmen, zyýan bar,
Ne hasap, ne kitap, ne belli san bar,
Kişi bilmez, ne söwdaýa sataşdym.

Başa baglap diwanalyk kemendim,
Segredip ýetişdim yşka semendim,
Al şeraba el uzatdym, emendim,
Durusyn içmişler, laýa sataşdym.

Magtymguly diýrler meniň adymy,
Älem elin çoýar görse odumy,
Eý, ýaranlar, kime diýem dadymy,
Başym çykmaz ne söwdaýa sataşdym.

Görülen sany: 1108
Okalyşyna berlen baha: 0