IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

NOWRUZDAN SENI

Bolmady bizge nesibiň, istedim güýzden seni,
Diýdiň: «Ötsün gyş, tapar men täze nowruzdan seni».
Saýladym, seçdim, sonam men, bir bölek gyzdan seni,
Neçün biliňni guçmadym men tapyp düzden seni,
Isterem Hakdan, gowuşdyrgaý maňa tizden seni.

Hak katynda sözüm ötmez, men kibi awara ýok,
Il-gün rehim eýlemezler, men kibi biçäre ýok,
Ýüregim set para dekdir, hiç tenimde ýara ýok,
Sen garyp sen, men pakyr men, sende-mende çäre ýok,
Söwdügim, takdyry-Hakdyr aýyrgan bizden seni.

Söwdügim, sen günde bir gez ýadyňa salsaň meni,
Günde ýüz katla tilär men ýaradan Hakdan seni,
Başky gün sen oda saldyň men parahat bendäni,
Hak götersin aradan, şeýle rakyp-şermendäni,
Kyl behl bizden ýaňa ynjytsalar sözden seni.

Bagyňa girsem säher, bilbil bolup salsam oýun,
Gaflata galsa rakyp, bir dem salyşsak gol boýun,
Hakdan özge çäre ýokdur, ne kylaý men, neýleýin,
Inçe bil, şirin zyban, kepder topuk sen, gaz boýun,
Saklasyn Taňry penahynda ýaman gözden seni.

Haýryňy duşman görer, dostuň çeker jebri-jepaň,
Ýar-a, dildarlyk bolarmy sürmeýin zowky-sapaň,
Salsalar mizana Balkan dagy bolmazdyr päheň,
Aýdadyr Magtymguly ähdiň ýalan, ýokdur wepaň,
Biwepalar hup sowutmyşlar, sonam, bizden seni.

Görülen sany: 674
Okalyşyna berlen baha: 0