IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

MEŇZÄR HÖKÜMLI

Köňüller köşkünde hyýalyň hany,
Öwlady-hüňkara meňzär hökümli.
Aşyk çeker nalany,
Ýasa salar läläni,
Ýerde beşer patyşahy,
Hudaýymnyň halany,
Gamzaň garakçysy salsa talaňy,
Kirpigiň ok, gaşyň ýaýdyr çekimli.

Gözelleriň waspyn etseler kanda,
Älem agzy tamam jem ola sende,
Tä jan bardyr bu tende,
Arzuwmendim bar sende,
Adyň Ruma düşdi, owazaň gitdi Hinde,
Leýli saňa kenizek, Züleýha bolsun bende,
Men hem seniň derdiňden galyp erdim dermende,
Bagda gülçehre sen bulgur basymly.

Yşkyň ataşyny saçyp sen düze,
Jan polatdan bolsa, dözmez bu köze,
Dokunsa dilber, köze,
Zyban geler her söze,
Görküň Güneşi dogsa,
Ne san bardyr ýyldyza,
Alma zenehdana, bu kümüş ýüze,
Syýa zülpüň suratgerdir dökümli.

Humaý oturyşly, laçyn turuşly,
Kebuter topukly, maral görüşli,
Täze hilal gaşly, merwerit dişli,
Tawus guş zynatly, Dawut towuşly,
Tezerw şiweli, käkilik ýörişli,
Tugun guş timarly, tarlan bakymly.

Baglanyban çyksaň şitdeýi-gülzar,
Husnuň hyýalaty älemi aldar,
Aşyk aýdar: «Eý dildar,
Görki Güne taý dildar,
Tapar hajyň sogabyn – 
Her kim bir garyp goldar”,
Magtymguly, sen dek görmedim, dildar,
Bu jana taraly, köňle ýakymly.

Görülen sany: 1046
Okalyşyna berlen baha: 0