IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

KÖÝEN JANYMA

Ýasaw gurup girdi pelek jan şähri-watanyma,
Kylmady nazary bir dem oda köýen janyma.

Günde Anka guşa duşup, bir dem bile uçmuşam,
Pelek tutup ganatymdan, basdy hijran laýyna.

Eý, ýaranlar, men pakyrda indi gaýry çäre ýok,
Geda ähli jem kylyp, paç salypdyr hanyma.

Çirme bolup gaçar bolsam çöl-beýewan içinde,
Pany dünýä gyrgysy azm eýleýir janyma.

Derdim meniň boldy hebes, Lukman gelmez gaşyma,
Kimse baryp galat diýdi derdimi Lukmanyma.

Magtymguly, sözlegil sen, ömrüň senden gol üzer,
Doga eýläp geçer men, ol Azady ussadyma.

Görülen sany: 1701
Okalyşyna berlen baha: 2.9