IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

KAÝDA SEN?

Neýleýin, tagty weýran Süleýmanym, kaýda sen?
Amanady berer boldum, bir imanym, kaýda sen?
Tagty-täjim eýesi, eý soltanym, kaýda sen?
Iki dide görejim, sahypkyranym, kaýda sen?
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Bu pelegiň zulmy bilen birje zaman gülmediň,
Waý purum diýip gala, men misgini almadyň,
Toýlarymda şat bolup sen, ajap nazar salmadyň,
Birje zaman eglenip sen ykbalymy bilmediň,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Ser salyban bu zemine, arzymy men sözlesem,
Taparynmy, mähribanym, jemalyňy gözlesem,
Deşte çykyp, zary-girýan, ençe günler bozlasam,
Barça pişeden geçip men bu jahany yzlasam,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Gül roýuň görmemişem, bu pelek gerdişiden,
Bihabar boldy halaýyk, pelek tutan işiden,
Halas eýläp öter boldy bu pany teşwüşiden,
Indi men geçmişem, waý, bahar, nowruz, gyşydan,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Ne hasraty ötürip sen, kördür görmez gözlerim,
Uly jemagatlar içre boldy syýa ýüzlerim,
Asal eripdi bu gün zäher bolmuş sözlerim,
Daglarym deşte dönüp, dag bolupdyr düzlerim,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Ýowuz galyp bu jahanda telmurar bu şirin jan,
Sensiz indi men pakyram boldum, neýleý, natuwan,
Gymmatyndan aýrylypdyr, gözüme zyndan jahan,
Ýörisem misli guýun dek, taparynmy bir nyşan,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Pederim, dözmeý bu derde huna boýýalmyş Kuýaş,
Ol eziz janyň bilen pelek, meger, kylmyş talaş,
Sil ornuna iki dideýimden akmyş ganly ýaş,
Zähri-katyl ýuwudyp men, geýenim kepen puşeş,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Ger ki bir söweş kylardym alnyda bolsam meger,
Bu hijranyň çarhy bilen neýleý ýandy jany-jiger,
Hazan bady urdy güli, kyldy bagy serbeser,
Käýişimi Hak eşitmez, ýanar boldy bu jiger,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Ýyglar boldy dagy-daşlar ol rowany sil bilen,
Hak alnynda nalyş kylmyş Jeýhun bahry, Nil bilen,
Bag içinde ýesir bolmuş bilbil, bakyň, sünbül bilen,
Pederim Azady ýyglar ýomut, gökleň il bilen,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Pany jahandan gidipdir bakyga gözel aýyň,
Soltanyndan jyda düşdi, ýyglar boldy saraýyň,
Üzülipdir kirşi onuň, oksuz weýrandyr ýaýyň,
Diýdigim galat imesdir, meger, behiştdir jaýyň,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Aýdadyr Magtymguly ki, bu dessany bagladym,
Men ki misgin perzendiňem, daga çykyp agladym,
Sorag jaýynda şypa diýp, Ýaradany çagladym,
Goýmaýan panyda bary barçany soragladym,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?[1]


 

[1] Ejesiniň ölümine bagyşlanan.

Görülen sany: 1441
Okalyşyna berlen baha: 2.9