IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ISTEMEN

Gül ýüzüňe perwana men, gaýry reýhan istemen,
Bakyban mähriňden doýdum, bagy-bossan istemen.
Roýuň erer şemsi-kamar, ol mahy-taban istemen,
Bakyşyň, şah kyldy, bilgin, zowky-döwran istemen,
Zülpüňe bent eýlediň dost, gaýry zyndan istemen.

Zülpi syýa, dostum eý, hasyly-söwda jan bilen,
Çagyrdy jellatlaryny, gorkar bilipdir gan bilen,
Diýdim: «Eý, gan neýlesin, kylma hemra hijran bilen»,
Eýledim pynhanym aýan, kowdy ol perman bilen,
Diýdim: «Dost, gördüm ýüzüňni, bilgin, arman istemen».

Jan berip gam yşkyna, Mejnun boluban gezerem,
Tenim — depder, golum – galam, ajap waspyň ýazaram,
Görmeýip kenaryny, yşk hazan içre ýüzerem,
Simnar bolup sen üçin, tylla köşkler düzerem,
Gaýry adalatly häkim, hany-soltan istemen.

Keýwany geler estime, baksam ki gara gözlere,
Myrryh meni bent eýleýir, gözlesem, dost ýüzlere,
Müşteri gapyl otyrmyş, bent bolup, bil, sözlere,
Zöhre, Näzperi, Humaý, Dürsüti haýran sizlere,
Beýle adalatly şa sen, Gyzyl Arslan istemen.

Şa bolup, perman berip sen, bildim «Heft peýkere»,
Bähram Gur tagt unudyp, arz edipdir Isgendere,
Tug göterip kyldyň söweş, gol urup sen şemşire,
Eýle ki zalym bolarmy, gara gözli dilber-ä,
Gorkaram men kamatyňdan, jyza-keman istemen.

Çykdy Zübeýda alnymdan, ah, neýleý, bagtym gara,
Golum baglap zülpüňe, tabşyrarlar aždara,
Ýuwudar ol demine, zalym bolup sen, dilber-ä,
Zulum kylma ýaraşmaz sen kibi pygambere,
Saldyň, eý, çykmaz dertge, indi derman istemen.

Ismim erer ki Pyragy, ýas tutarmyş illerim,
Sözleriň hoş wagt bolup, lal boldy, dost dillerim,
Girdiň, eý, sen seýil edip, bagda gurban güllerim,
Bent olup gözýaşyma, neýleý ki, akmaz sillerim,
Goýnuň içre bitmiş bossan, men lämekan istemen.

Görülen sany: 746
Okalyşyna berlen baha: 0