IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

GAŞY ÝAÝ

Bir dilbere duş geldim, gamzasy ok, gaşy ýaý,
Gün haýrandyr görkünden, hyjalatda dolan Aý.

Janyň berseň, jaýyzdyr, beýle sypat mahbuba,
Hiç görmedim onuň deý başy dogry, bagry taý.

Gulgula düşdi gopuz hem düşdi çeňi çeňe,
Çeň şowkundan ol nigär ne nalaga düşdi naý.

Ne eşretdir aşyga jennet içre jemaly,
Aýralygyň ataşy − tamug içre weýl-u waý.

Ol dideýi-dildardan bolmagaý sen bibähre,
Galmagaý sen meniň deý akla az-u görke baý.

Istese alymlary şeýtan eder Ol Dilber,
Halaganna Halyl dek oglanyny berer paý.[1]

Magtymguly, mydama doga kylar dergähe,
Saýyl men, mahrum etme dergähiňden, ýa Hudaý!


 

[1] Bu ýerde Ybraýym pygamberiň ogly Ysmaýyly gurban etjek bolşy, emma Allatagalanyň oňa merhemet edip, Ysmaýyly oňa bagyşlaýşy ýaňzydylýar.

Görülen sany: 1182
Okalyşyna berlen baha: 0