IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

GALMAGALY NEÝLEREM

“Ähli-hal bolsam” diýer men özge haly neýlerem;
Bu sowulmaz derdi, sansyz galmagaly neýlerem.
Owwaly zowky-surur, hasratly maly neýlerem,
Ahyry möwt-u gubur, bu boş hyýaly neýlerem,
Bolmuşam men zowk ähli, esbap-melaly neýlerem.

Düşdi yşkyň ataşyga, gylça janym köýdi, ýar,
Gury jismim odun eýläp oda ýakmakda ne bar,
Gamda köňlüm bikarardyr, başda derdim set hezar,
Onuň üçin dähr era bir köşe kyldym ygtyýar,
Ygtyýarym ýok turur, jeňňi-jedeli neýlerem.

Görnüşiň eşretnema, görküň üçin köňlüm güdaz,
Gysga − ykbalym goly, dost, dameni-waslyň − deraz,
Pür hatar, ol ýol yrak, yşkyň geran, kuwwatym az,
Düşmüşem bir müşgile, Sen-Sen bu işe çäresaz,
Iltifatyň imdi kyl, ötgen mahaly neýlerem.

Her zaman, Magtymguly, halk içre gezme lap edip,
Sakla gybatdan diliň, ugrunda gez ynsap edip,
El uzatma köp pisada, ýör Hudadan howp edip,
Sopulyk esbaby hoşdur, geý içiňi sap edip,
Bolsa möý-möjek içim, bu esgi şaly neýlerem.

Görülen sany: 797
Okalyşyna berlen baha: 2.9