IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

BULUDA GARDY MENI

Yşk ýüregimde gaýnap, ýandyrdy derdi meni,
Tütünim bada berip, buluda gardy meni.
Pelek bilegim towlap, çarhyna sardy meni,
Hyrydar gözi bile kim gelip gördi meni,
Hijran ýagmyry ýagyp, gam silne berdi meni.

Gam sili birle gidip, yşk ülkesine baryp, 
Hyýalym pikre dolup, aklymy ýel aparyp,
Ol haýrat meýdanynda men garyp galdym aryp,
Yşk hanjaryn çekibän, hijran ýüregim ýaryp,
Äleme dessan edip, aftaba serdi meni.

Ne jeset içre jan bar, ne kuwwat galdy tende,
Hem sergeşte, hem haýran, bu işe galdym bende,
Ne hastaýam, ne bimar, ne murdaýam, ne zinde,
Gam hüjüm eýläp gökden, zemin sary inende,
Pelek elimden tutup, howala berdi meni.

Bir ahwala duş boldum, gam hüjm etdi, öldürdi,
Bu işiň seriştesin yşk okadyp bildirdi,
Wysala rehmi inip, elim tutup galdyrdy,
Jemal bir jilwe berdi, içim şowka doldurdy,
Sözlemeýin neýläýin, ýaranlar, ýardy meni.

Magtymguly, begligim ýar jemaly gul etdi,
Wysal umydyn berip, müň dilli bilbil etdi,
Aýralyk oda saldy, pyrak turdy, ýel etdi,
Yşk çekdi zybanasyn, ýakyp-örtäp, kül etdi,
Hijran elegin eläp, ýele sowurdy meni.

Görülen sany: 739
Okalyşyna berlen baha: 0