IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

BIRÝANA BOLDUM IMDI

Yşk ataşyna düşdüm, perwana boldum imdi,
Şowkuň közüne köýdüm, birýana boldum imdi.
Jismim kebaba döndi, girýana boldum imdi,
Genç isteýenler gelsin, weýrana boldum imdi,
Aýryldym agýarlardan, bigäne boldum imdi.

Çykardym başdan imdi dünýä höwesin mutlak,
Ne ferşe aýak basdyň, dolan, bir özüňe bak,
Kül bol, külüňe sowrul, ol güdaza janyň ýak,
Lazym oldy okymak «enel-hak-u» «minel-hak»,
Meý içip meýhanadan, messana boldum imdi.

Dünýä menden hezl etmez, men hem bähre almaz men,
Odum ötgür, derdim çoh, hoşwagt olup gülmez men,
Agyr baha älemi alty jöwge almaz men,
Dost haýsy, duşman haýsy, parhyn edip bilmez men,
Hiç kimse aňmaz halym, aýana boldum imdi.

Bir makama duş boldum, pikr onda pikre batdy,
Jan onda jandan boldy − essinden gidip ýatdy,
Jeset ýolda ýok boldy, köňül özün unutdy,
Yşk goşun ýygyp gelip, akyl mülkün dagytdy,
Talaňa berip aklym, diwana boldum imdi.

Magtymguly, her zaman neýleýin olmaý girýan,
Pikir palçygna batdym, çyka bilmen men bir ýan,
Göwre harap, ten turap, köňlümiň şähri weýran,
Jan, jeset, dil, akyldan aýrylyp, galdym urýan,
Iş geldi, başa düşdi, merdana boldum imdi.

Görülen sany: 992
Okalyşyna berlen baha: 0