Hemdert olup, içgin-içgin sormaýyn,
Nä bilsin bir görüp gitse daşymdan.
Kämil bolup, jan gulagyn burmaýyn,
Aýda bilmen öten işi başymdan.
Aňlaý bilmen, ahyrym ne terze men,
Köp wagtlar goşulmadym herze men,
Ýaradandan ýetmiş ýola yrza men,
Ýagşy-ýaman, her ne gelse başymdan.
Eý hakarat bile bakan bizlere,
Mejaz bilip, müňkür bolma sözlere,
Halal lukma ýagtylyk biýr gözlere,
Tutuldygyň bilgil, nan-u aşymdan.
Arpa nany besdir, tapsaň damaga,
Ömür bakasyna düşme tamaga,
Köňül «Hüw!» diýr turar, suýy-asmanga,
El üzsem diýr, köwüş, muze, peşimden.
Magtymguly çekip duşman gaharyn,
Pişäm ýuwutmakdyr ýaman zäherin,
Ötürip men ýigitligiň baharyn,
Gutulmak ýok garrylygyň gyşyndan.