IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

BARMY, ÝARANLAR

Yşk ýolun höwes eýläp, 
Gelen barmy, ýaranlar?
Derdimi beýan etsem,
Bilen barmy, ýaranlar?

Bolmuşam mesti-şeýda,
Hezar pişe, set söwda,
Älemde men deý ryswa,
Bolan barmy, ýaranlar?

Daşym dert, içim birýan,
Eder men nala-girýan,
Menim deý mesti-haýran,
Galan barmy, ýaranlar?

Ýalan dünýäde ýaýnap,
Gezer sen gülüp, oýnap,
Yşk matbahynda gaýnap,
Ölen barmy, ýaranlar?

Yşk duş bolsa bir merde,
Toz bolar, döner gerde,
Menim deý özün derde,
Salan barmy, ýaranlar?

Bardy halym ölümge,
Tap etmeýen zulumga,
Ýyglamaýyn halymga,
Gülen barmy, ýaranlar?

Magtymguly jan çekse,
Rehm etmezler, ýaş dökse,
Yşkyň ýolunda ýogsa,
Talaň barmy, ýaranlar?

Görülen sany: 1031
Okalyşyna berlen baha: 0