Eý-ä, dilber, jemalyňda jugra hallar mesgeni,
Zybanyňda şeker erkan, dahanda ballar mesgeni.
Zynat kylyp çykdy dilber, tawus guş dek dalmynyp,
Mahy-taban uýat eýlär, ýarymda ýyllar mesgeni.
Bady-saba geze bilmez dagy-deşti keşt edip,
Neýlesin ol bendi galdy, dilberde ýeller mesgeni.
Arap zyban düşdi hara, hyrydary ýok onuň,
Bu pynhany kylsam äşgär, dilberde diller mesgeni.
Serwi daragt boýly peri, seni hijran örtedi,
Ger ki arzyň sözleseň, ýarymda teller mesgeni.
Eý, Pyragy, görkezip ýol, özüň onda azaşyp –
Gezer bolduň, diýgil arzyň, dilberde ýollar mesgeni.