IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

AZADYM KANY?

Pelek, idär idim, sen duçar bolduň,
Gözümiň nurany — Azadym kany?
Ýüregim soguryp, seglere berdiň,
Şährimiň soltany — Azadym kany?

Ymamsyz galandyr metjit-mährabym,
Dogmady nur saçyp ol mahy-tabym,
Ýowuz galdym, sil alypdyr etrabym,
Göwnümiň ummany — Azadym kany?

Şekerlikden zäher boldy sözlerim,
Zagpyran dek sargarypdyr ýüzlerim,
Kuwwat gitdi, gubarlandy gözlerim,
Münberim azany — Azadym kany?

Dört paslym nar boldy, daglar eredi,
Diriler uçdular, öli ýöredi,
Giden baryp Haka maňlaý diredi,
Ilimiň zybany — Azadym kany?

Topraklar sil boldy, siller gum boldy,
Humlar jam boldular, jamlar hum boldy,
Höwesler ýas boldy, pişäm gam boldy,
Ýüregim aramy — Azadym kany?

Ölüler direlip, arza bardylar,
Hakdan bir kelamy ýörip sordular,
Çoh ýalbaryp, «Goýber» diýip durdular,
Öli-diri döwrany — Azadym kany?

Kapyrlar bolupdyr ýyglap musulman,
Haka ýalbarypdyr Hydyr, Süleýman,
Bug bolup göterldi Arşa, gör, umman,
Gökleňiň pälwany — Azadym kany?

Armanym ýok, pelek, bir söweş kylsam,
Ýa ýyksaň, basylsam, ýa seriň alsam,
Seglere aş eýläp, bazara salsam,
Bagymyň reýhany — Azadym kany?

Güwşler eşitgende bary ker boldy,
Daglar eräp akdy, daşlar ýer boldy,
Mollalar Gurhansyz, pirler kör boldy,
Sahyplar Gurhany — Azadym kany?

Zemin ýüzün syýa duman eýlediň,
Diýgil pelek kimi aman eýlediň,
Pyragyny, bak, biiman eýlediň, 
Namysym imany — Azadym kany?

Görülen sany: 1204
Okalyşyna berlen baha: 0