IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

AÝA DÖNDI

Ýüzi mahy-tabanym,
Gün ýaly Aýa döndi.
Çarh oldy nerdiwanym,
Gök paýa-paýa döndi.

Bir gün aşyk şowk oldy,
Gam-gussasy ýok oldy,
Her kirpigiň ok oldy,
Gaşlaryň ýaýa döndi.

Aşygy saldyň oda,
Goýduň gitdiň uýada,
Günorta berdiň wada,
Wagt geçdi, saýa döndi.

Jan galmady bedende,
Ýanar men ah edende,
Gözüm gelip-gidende,
Her günüm aýa döndi.

Müň söwdam bar, bir başym,
Goýdum ilim, gardaşym,
Aglamakdan gözýaşym
Joşgunly çaýa döndi.

Ýaryň köňli çag oldy,
Aşyklar tussag oldy,
Dalda ýerim dag oldy,
Düz ýerim gaýa döndi.

Istär men günde-günde,
Ýyglar men tünde-tünde,
Her zülpüne bir bende,
Hüý saýa-saýa döndi.

Dal pudaklar egildi, 
Göçdi bilbil, dagyldy,
Akar suwlar soguldy,
Çöl ýerler çaýa döndi.

Derman bolmaz alaja,
Zat bermezler mätäje,
Baýlar döndi gallaja,
Pakyrlar baýa döndi.

Magtymguly, gezende,
Halap, Kaýsar düzünde,
Gözel ýaryň yzynda,
Ömrümiz zaýa döndi.

Görülen sany: 1770
Okalyşyna berlen baha: 0