IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ATAMYŇ

Altmyş bäşde, nowruz güni, luw ýyly,
Turdy ajal, ýolun tusdy atamyň.
Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli,
Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň.

Agyr döwletlere köňül goýmady,
Bu jahanyň eşretini söýmedi,
Esgi şaldan artyk puşeş geýmedi,
Ahret öýi boldy kasdy atamyň.

Diýrdi: «Dünýä durmaz, ömre baky ýok»,
Gündiz roza, gije bolsa uky ýok,
Müňkür bilmez, muhlyslaryň şeki ýok,
Pygamber destidir desti atamyň.

Görmesem, söýlemen oý bile çenden,
Maksadyna ýeter ýykylan çyndan,
Ýarysy melekden, ýarysy jyndan,
Müjewürsiz bolmaz üsti atamyň.

Nukaba diýrler, üç ýüz eren ugraşdy,
Çiltende atama nazarym düşdi,
Nujaba barsam, heftenlere garyşdy,
Abdallardyr çyn peýwesti atamyň.

Älem içre adam galmaz, at gezer,
Bu syrlardan jahan halky ýat gezer,
Jaýy jennet içre, gökde şat gezer,
Ýerde hoşwagt ýatar posty atamyň.

Magtymguly, gizli syryň bar içde,
Kämil tapsaň, kyl gullugyn dyryşda,
Magşar gün gaýgysyz girer behişte –
Her kim çyndan bolsa dosty atamyň.

Görülen sany: 3336
Okalyşyna berlen baha: 2.7