IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÄLEME BELGILIDIR

Dostlar-a, dostum meniň jandan şirin söýgülidir,
Jan kibi pynhan jahanda äleme belgilidir.

Baş bilen barsam oňa, handan olursa güzeri,
Tutsam ol ýerde watan, ol ýer ki onuň ýoludyr,

Diýerdi ýar: “Aşygym, öz elim ile katl edem,
Ondan owwal gam meni paýmal edip almalydyr.

Özge aşyklaryň olsa paýy-bent zülp-taryna,
Men garybyň bent oňa hem aýagy, hem elidir,

Gaýry-le bezm eýleýip, eýlese hoş köňlüni ýar
Mejlis içre ýat edip diý: «Ol garyp gaýgylydyr».

Ýaz geler, wagt-da gider, gaflata batmyş gözlerim,
Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr.

Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz,
Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.

Görülen sany: 2454
Okalyşyna berlen baha: 0