IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝÖR BILÄNI

Gel, köňül, ýara gideli,
Hemra bolsaň, ýör biläni.
Ýar ýolunda gadam goýsak,
Paý ornuna ser biläni.

Asmanyň görki enwerdir,
Dünýä görki sim-u zerdir,
Jeset – toprak, jan jöwherdir,
Alyp bolmaz zer biläni.

Şuňkaryň peri ýetiler,
Köp daşy yrak atylar,
Ýigidiň ady tutular,
Garyndaş, hossar biläni.

Guwanmagyl syratyna,
Müner sen gahar atyna,
Duş bolsaň ýaman hatyna,
Ömrüň öter şer biläni.

Bahyl baýda berim bolmaz,
Merdiň sözün bawer kylmaz,
Arwananyň ýüki galmaz,
Ýola girseň ner biläni.

Ganymatdyr gardaş ýüzi,
Dowadyr gadamy-tozy,
Bir eblehiň näkes sözi,
Barabardyr nar biläni.

Pisiň garşysynda durma,
Bahylyň ýüzüni görme,
Ker bilen hylwat söz urma,
Ýola girme kör biläni.

Ýaman bilen ýoldaş bolma,
Duşman bile syrdaş bolma,
Tagamda tabakdaş bolma,
Üflis, haramhor biläni!

Ýaman hiç nesihat tutmaz,
Ýagşy söze gulak güýtmez,
Hiç bir sözüň örä gitmez,
Näkes suhanşor biläni.

Iliňden gitseň awara,
Şonda bolar sen biçäre,
Goňşy bolsaň haramhora,
Sütem eýlär zor biläni.

Algyl pendim, akmak kişi,
Özüňe kylma käýişi,
Götermese döwlet guşy,
Uçup bolmaz per biläni.

Ýagşyga özüň ýar eýle,
Mejlisinde bazar eýle,
Reft-amet kyl, mydar eýle,
Söweş etme şir biläni.

Magtymguly, ýakyn, ýatlar,
Gamgynlar-u köňül şatlar,
Dünýä gelen barça zatlar,
Ýegsan bolar ýer biläni.

Görülen sany: 2302
Okalyşyna berlen baha: 2.9