IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝOLUN AŇLAMAZ

Hindi jyda düşse hemrasy pilden,
Öten günün, baran ýolun aňlamaz.
Karun aýra düşse gardaşy pälden,
Gözi doýmaz, dünýä malyn aňlamaz.

Agsak aýra düşse, agaçsyz galsa,
Ýol aňlamaz, garry hemrasyz bolsa,
Mert ýananda, daga azysyn salsa,
Gara daşyn, duman, silin aňlamaz.

Gutarmaz öňünden ajal eseri,
Aňlamaz paý-desti, duş gelse seri,
Ýanar-köýer adam ogly, digeri,
Ne şeýtan, ne eren pälin aňlamaz.

Çäresiz aşykdyr, magşuk daş galsa,
Ýürek ýanyp, sokur gözden ýaş gelse,
Mert ýananda, Jemşit oňa duş gelse,
Isgenderi, Rüstem Zalyn aňlamaz.

Ykbal ýatsa, iki dide gapylar,
Haýyr diýip ugran ýoly ýapylar,
Mert göwnünde birje kemlik tapylar,
Salar gyljyn, sagy-solun aňlamaz.

Magtymguly, dile dessan getirdim,
Hesret bilen günüm-aýym ötürdim,
Arzy-halym arzymana ýetirdim,
Öter gider, aýy-ýylyn aňlamaz.

Görülen sany: 1735
Okalyşyna berlen baha: 0