IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

SAZYNA DEGMEZ

Bezimiň lezzetin bilmeýen adam,
Hünärli ýigidiň sazyna degmez. 
Betsyýakly, bethüý bolan pis adam,
Perizadyň eden näzine degmez.

Bimanynyň sözi janyňdan öter,
Gybat edip, özi günäge batar,
Ýamanyň zyýany iline ýeter,
Nadanyň peýdasy özüne degmez.

Adam bardyr, ony şalar çagyrdar,
Adam bar, zulm edip, garyp agyrdar,
Adam bar, per düşek ýanyn agyrdar,
Adam bardyr, ak kiz dyzyna degmez.

Muhannesiň bolmaz namysy, aňy,
Bir söweş gününde eýlemez jeňi,
Aga-begler, muhannesiň on müňi,
Mert ähliniň alty ýüzüne degmez.

Magtymguly, döwran soňudyr adem,
Lahat atly öýe goýar sen gadam,
Many söz aňlamaz biakyl adam,
Danalaryň aýdan sözüne degmez.

Görülen sany: 1348
Okalyşyna berlen baha: 3.0