IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

KÖP BOLSA

Akylsyzlar akyl gözlär, zeýrener,
Akly bolan diýer: «Aklym köp bolsa».
Mert ýigitler gylyjyna daýanar,
Namart tutabilmez, golda çöp bolsa.

Aryp gadryn bilmez duzsuz-nadanlar,
Müşgildir aýrylyp düşse dendanlar,
Biakyl, gezegen, nadan zenanlar,
Işden jyda düşer, ilde gep bolsa.

San bardyr, hasapsyz bolan pidalar,
Her günün pikr eýlär ýören gedalar,
Gaznasyn dolduran berkarar şalar,
Günde bir öýlener, keýpi kök bolsa.

Niçe akdy, dünýä, sen diýip derler,
Barysy puç boldy, boş galdy serler,
Ýüzün sowup, gep alyşmaz çyn ärler,
Bir söý bilen ýagşy dosty çep bolsa.

Keramatly medreseýi-agzamlar,
Ýapdy gapysyny, göçdi makamlar,
Ýaraşyga geler dürli tagamlar,
Daşdan dörän ajap görkli gap bolsa.

Namart gorkar goç ýigidiň adyndan,
Öýünde telmurar merdiň badyndan,
Dertli gullar ömür salmaz ýadyndan –
Lukmanyny, kylan emi nep bolsa.

Dert zyýat bolmasa, dertli samramaz,
Ýetse akly biakyllar ýaňramaz,
Misgin düşen Magtymguly eňremez,
Ýüreginden gam-gussalar dep bolsa.

Görülen sany: 1390
Okalyşyna berlen baha: 0