IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

KÖŇLÜM

Oýan haby-gaflatdan, ajalsyz ölen köňlüm,
Umyt üzüp älemden, dergähden dilen, köňlüm.
Mert gerekdir almaga bu garyp galan, köňlüm,
Düýpsüz derýaýa düşdi görenne gülen köňlüm,
Jan pany, jahan pany, kepene çolan, köňlüm,
Söz bilen için egser, gabz olup, dolan köňlüm.

Alymlar sözün diňle, nesihatyn al-göter,
Tur, Hakyň dergähine mynajat kyl, gol göter,
Ryýazatyň ýüküni arkan ýüpün sal göter,
Bu iş merdiň işidir, merdana dur, gal, göter,
Kämil aýagna baş goý, ýalançydan el göter,
Toba kylyp, bir piriň topragna bulan, köňlüm.

Yşkym bardyr Mejnundan altmyş esse zyýada,
Kyrk ýyl kuwwatym bardyr ders aýdara Perhada,
Ýüregim ýakyp oda, Hojama barsam dada,
Kerem derýasy joşup, ýetirgeými myrada,
Galsa köňül tapylmaz, çyksa bu jan dünýäde,
Mert gerekdir almaga bu garyp galan köňlüm.

Säher turup, doga kyl, «Ämin!» diýsin perişde,
Ne bardyr gapyl ýatyp, bihuda oturyşda,
Mülki-jahan tutdurmaz eýleseň müň serişde,
Abdal örtüsin geýip, git diwana garyş-da,
Ýogsa galar sen tenha sergeşte-ýu gamgeşde,
Aýgan sözüňe pyglyň bolmasyn ýalan, köňlüm.

Magtymguly, noş etdim gam badasyn iki tas,
Üç içere ragbat ýok, çün jandan boldum halas,
Serimde sansyz söwda, içde waswasul-hannas,
Geliň, bir tedbir eýläň, bu derde eýýühannas,
Dyz çöküp dem ursalar Isa, Hydyr hem Ylýas,
Galynmaz, zinde bolmaz, hut murda bolan köňlüm.

Görülen sany: 1648
Okalyşyna berlen baha: 2.8