IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

DURASYŇ GELER

Gözel bardyr, gözellerden zyýada,
Onuň hyzmatynda durasyň geler.
Edepli, erkanly, mylaýym sözli,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.

Gözel bardyr, uzyn boýly, alkymy –
Garaňky gijede düşer ýalkymy,
Sözlegen sözleri misli bal kimi,
Ýaňagyndan posa alasyň geler.

Gözel bardyr, günde-günde görmeli,
Şol gözeliň syýa zülpün örmeli,
Döküp, hazynanyň zerin bermeli,
Onuň söwdasynda bolasyň geler.

Bagzy gözel sirke basar saçyny,
Artmaz, ýuwmaz tabagyny, daşyny,
Sylamaz atasyn, ene, ýaşyny,
Onuň hyzmatyndan gaçasyň geler.

Gözel bardyr, ak kagyz dek bilegi,
Jan içinde bile bolar ýüregi,
Şeýle  gözel mert ýigidiň geregi,
Ne hajat istese, beresiň geler.

Magtymguly, syn gerekdir gözele,
Herne kysmat bolsa, tartar ezele,
Dünýä malyn harç et ýagşy gözele,
Ýamanyň ýanyndan gaçasyň geler.

Görülen sany: 9439
Okalyşyna berlen baha: 2.8