IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

BU DAHANA

Akyl bu gün keser boldy,
Ne söz gelse bu dahana.
Görüň, pelek ýeser boldy,
Talaň salyp bu jahana.

Bent bolupdyr gören gözler,
Syýa bolmuş gözel ýüzler,
Ajap asal-şeker sözler,
Ýesir bolmuş bu zybana.

Kim görüpdir dünýä teýin,
Kaýsy jaýda, kaýsy öýün,
Içer boldum yşkyň meýin,
Aç göz bilen gana-gana.

Kapas içre ýesirdir jan,
Zyban diýmez, bentdir dahan,
Bu ýalançy pany jahan,
Goýmaýar nurbat-amana.

Dag başynda dumany bar,
Her bagyň bir bagbany bar,
Adam ogly zenany bar,
Gözüm  düşmez ol janana.

Akyl haznasyn açanlar,
Pany jahana saçanlar,
Gonany bar, köp göçenler,
Dargaýypdyr, göçüp-gona.

Ýagşy ärde ýamanlyk bar,
Erse oňa il hyrydar,
Sözüm diňle, Perwerdigär,
Gowşur meni Meňli hana.

Uzak ömür, ýol agyrdyr,
Han işlese, bil agyrdar,
Ýagşy söze hyrydardyr,
Ýararmyş geda, soltana.

Dag başyndan gaçar daşy,
Her kimiň bar öz syrdaşy,
Kimse ýalňyz ― ýok gardaşy,
Gözi düşmez bir dogana.

Magtymguly, sözüň hakdyr,
Hak söze ten beren ýokdur,
Gider bolsaň, ýol uzakdyr,
Eýran, Turan, Hindistana.

Görülen sany: 1404
Okalyşyna berlen baha: 0