IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝETER SEN

Gelen geçer, gonan göçer, adamzat,
Ýöri, sen hem bir menzile ýeter sen.
Ýalançyda ýegdir galsa ýagşy at,
Bu dünýäge gelmiş bolsaň, öter sen.

Gapyl adam ýada salsa asylyn,
Pelek goýmuş ajal atly masylyn,
Gelen-geçse, eken-biçse hasylyn,
Orta ýerde sen ne işler tutar sen.

Jepa goýma, käýitmegin bu janyň,
Serişdesi hiç tutdurmaz jahanyň,
Terpendikçe, derdi artar dünýäniň,
Gadam goýsaň, göwräň birle batar sen.

Joşgun geldi, hetdin ýardy, söz aşdy,
Bu ýollardan dogry baran düz aşdy,
Bihuda imesdir ömrüň güzeşti,
Her çäştiňe bir günüňi satar sen.

Aldamaga al kumaşyň, sim-zeriň,
Güzergähin tutup durmuş bu ýeriň,
Germ eýlediň, pelek, sen bu bazaryň,
Mälimdir ki, bu söwdada utar sen.

Magrur olup bu dört günüň dirligne,
Ebet galma kyýamatyň horlugna,
Ynanmagyl bu dünýäniň barlygna,
«Bar, bar» bilen, ýok bolar sen, ýiter sen.

Magtymguly, başyňda ýüz küý bardyr,
Aýry menzil, aýry mekan, jaý bardyr,
Lahat atly dar, düşeksiz öý bardyr,
Ol öý içre tä kyýamat ýatar sen.

Görülen sany: 1001
Okalyşyna berlen baha: 2.9