IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

ÝA, ZÜLJELALYM

Ýa, Ýaradan Kadyr, gudratly Jepbar,
Armanda goýmagyl, ýa, Züljelalym.
Nebsimiň raýynda keremli Gapbar,
Permanda goýmagyl, ýa, Züljelalym.

Tenim dertli kylma, özümi gallaç,
Köňlüm giň et, goýma aj-u ýalaňaç,
Zalyma duş etme, namarda mätäç,
Gam mende goýmagyl, ýa, Züljelalym.

Saklagyl gaýgydan, gamdan, mähnetden,
Haly kylma dünýälikden, döwletden,
Namut etme şepagatdan, rehmetden,
Dermende goýmagyl, ýa, Züljelalym.

Eý-ä, Kadyr, Senden gudratly kim bar,
Keremiň güýçlüdir, günähim bisýar,
Bir zalym golunda eýläp giriftar,
Haýranda goýmagyl, ýa, Züljelalym.

Pyragy diýr, şer hem bolsa şanymda,
Haýra döndür, arman goýma janymda,
Owwal-ahyr, dost-duşmanyň ýanynda,
Şermende goýmagyl, ýa, Züljelalym.

Görülen sany: 1149
Okalyşyna berlen baha: 3.0