IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

KÖÝMÄN ÝIGIDE

Ulalanda iş hoş gelmez, 
Ýaşlykda köýmän ýigide.
Döwlet gelse, özün bilmez,
Dogaly doýman ýigide.

Ýamana öwüt hebesdir,
Ýagşy äre bir söz besdir,
Ýörişini ýalňyş basdyr,
Ýaňy don geýmän ýigide.

Jüpbe, jöwşen, zereh-sowut,
Keserli  gylyç, arap at,
Söweş güni gider uýat,
Gaýraty bolman ýigide.

Çopan adam çoka bolmaz,
Ala garga oka gelmez,
Köp ýygylsa, terhos almaz,
Aňyrsy bolman ýigide.

Gulluk ýetirgin janyňdan,
Aýama parça nanyňdan,
Ganly bolsa, geç ganyňdan,
Bir garyp myhman ýigide!

Dünýäde hiç kim galmandyr,
Mal jana ýoldaş bolmandyr,
Göýä bu dünýä gelmändir,
Bir öwlat galman ýigide.

Almaza kümüş mis görner,
Dula gyrnak tüýüs görner,
Perizat hatyn pis görner,
Bir hulky söýmän ýigide.

Mal döner çiýan-çirmege,
Durar et-ganyň sormaga,
Malyndan zekat bermäge,
Gözleri gyýman ýigide.

Magtymguly, ýoldan çykmaz,
Ýamana ýagşy söz ýakmaz,
Müň söz aýtsaň, biri ýokmaz
Taňrysy guýman ýigide.

Görülen sany: 1635
Okalyşyna berlen baha: 2.8