IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

JOŞA ÝETDIŇ

Bir gün ataň yşk etdi,
Sulbundan joşa ýetdiň.
Owwal suwduň, gan bolduň,
Gandan soň läşe ýetdiň.

Hökm eýledi bir Hudaý,
Dokuz sagat, dokuz aý,
Ýedi endam jaýba-jaý,
Süňňe ulaşa ýetdiň.

Güwş berdi, dahan berdi,
Dahana zyban berdi,
Akyl berdi, jan berdi,
Göz berdi, gaşa ýetdiň.

Ýaşdyň, ele ulaşdyň,
Ýörip, ýola ulaşdyň,
Sözläp, tile ulaşdyň,
Nan iýdiň, aşa ýetdiň.

Ýediňde mekdep gördüň,
Okadyň, ýoluň bildiň ,
Gyz bile bazy gurduň,
Tä on dört ýaşa ýetdiň.

Hak berdigin iýp-içdiň,
Her ýola bir baş goşduň,
Mahbup bile söýüşdiň,
Bile çolaşa ýetdiň.

Ýigrim tört ýaşa geldiň,
Ýigit bolup, sen ýeldiň,
At mündüň, gylyç aldyň,
Jeňe-söweşe ýetdiň.

Otuzyňda ýeriňden,
Duman gitmez seriňden,
Ýigitligiň zorundan,
Gezdiň tomaşa ýetdiň.

Sürdüň, dünýäni sürdüň,
Ahyr wepasyn gördüň,
Kyrkyňa gadam urduň,
Kämil sen, huşa ýetdiň,

Bar almadyň bagyňdan,
Hazan urdy tagyňdan,
Elli, sakal agyňdan,
Utan, bir ýaşa ýetdiň.

Altmyşa ýaş ýetirdiň,
Başyň gama batyrdyň,
Hoş günleriň ötürdiň,
Ýazyň ýok, gyşa ýetdiň.

Ýetmişde «Hak!» diýp galdyň,
Kuwwatyň ýok, ýykyldyň,
Gojaldyň, işden galdyň,
Söýle, ne pişä ýetdiň.

Segsene ýetişse sal,
Niçik geçer beýle hal,
Ötdi gyzgynly mahal,
Oraksyz hoşa ýetdiň.

Togsanda ýaňylar söz,
Gara bolup görner boz,
Gowşar süýek, alar göz,
Ýüz müň endişä ýetdiň.

Magtymguly, oturdyň,
Ömrüň gapyl ötürdiň,
Hak çün ne iş bitirdiň,
Eger ýüz ýaşa ýetdiň.

Görülen sany: 1553
Okalyşyna berlen baha: 2.9