IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

GITDI BURAÝA

Malyňa, mülküňe magrur olunma,
Eý, ýok ýerden gelen gitdi buraýa.
Bolar-bolmaz işler üçin urunma,
Çohlar gelip, batyp galmyş bu laýa.

Köp gerdişler geçirmişdir bu ýurtlar,
Niçe synalarda röwşen bu dertler,
Ýüz öwürdi mundan birniçe mertler,
Birniçeler bal diýp, batmyş belaýa.

Eý, akyly aryg ýigit, munda gel,
Birniçe sözüm bar, jandan gulak sal,
Nirde derwüş görseň, baryp, alkyş al,
Derwüşden hiç ýakyn ýokdur Hudaýa!

Tamugyň dykanjy zekatsyz baýdyr,
Derwüşe tagn eden segi-bijaýdyr, 
Derwüş ýerde − derýa, ýa gökde − Aýdyr,
Doňuz derýa neýlär, it üýrüp Aýa.

Ýalançy ýeri däl, adam uklasyn,
Kim gulak biýr, diňläp, sözüm haklasyn,
Magtymguly, nesihat kyl, saklasyn,
Täze gelen ärler köne saraýa.

Görülen sany: 1235
Okalyşyna berlen baha: 0