IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

DÜNÝÄ HEÝ

Muhannesi eýläp iliň soltany,
Tabşyrdyň goluna maly, dünýä, heý.
Isgenderi kylyp jahan merdany,
Ahyry öldürdiň, loly dünýä, heý.

Aşyklar ah tartyp, magşuga zardyr,
Bir zaman görmese, çoh bikarardyr,
Alyp sen janyny, ne çäre bardyr,
Jisminden göterip saly, dünýä, heý,
Ahym Arşy-agla ýeter, benýa heý,
Möminler nä gördi, aldy enýa heý.

Tagty-Süleýmany eýlediň weýran,
Jemşit patyşahy özüňe gurban,
Leýlini ýat edip, Mejnuny perwan,
Karuny idetdi päli, dünýä, heý.

Symrug guş per açdy, ganatyn ýaýdy,
Ne mahluk zynharam, ýarym, ne diýdi,
Derdimi yzharlap, dermanym goýdy,
Ahyry güň eýläp, däli dünýä, heý,
Gül mahbuk sargaryp syndy, dünýä heý,
Gel, oýnagyl pelek meni puýa heý.

Perhat Şirin bilen döwran sürmedi,
Seýpelmelek gaýra göwün bermedi,
Aşyk Tahyr Zöhre diýip durmady,
Mahyma bagş etmeý güli, dünýä, heý.

Görogly dek gezsem daglaryň saýyn,
Görsem armanym ýok gülümiň roýun,
Taparmykam gara günümiň aýyn,
Ýa janym aldyňmy däli dünýä heý,
Men olam daglarda, pelek, dünýä heý,
Magtymguly aýdar, däli dünýä, heý.

Görülen sany: 1170
Okalyşyna berlen baha: 0