Ne bela sen adamzat,
Çyplak dogduň, don gerek.
Ak süýt emdiň, ulaldyň,
Aglaýyr sen, nan gerek.
Ataň hoşnut bolmaga,
Eneň mährin salmaga,
Ýediňde din bilmäge,
Okyr sen Gurhan gerek.
Saýlaýyr sen dilbendiň,
Ýognalar biliň, bendiň,
On bäşde arzuwmendiň,
Gyz gerek, juwan gerek.
Juwan tapdyň guçmaga,
Aýşy-eşret açmaga,
Ondan soň iýp-içmäge,
Bir tükenmez nan gerek.
Köňlün ynjydyp halkyň,
Hoşnut etseň öz hulkuň,
Rum, Pereň bolsa mülküň,
Heniz «azdyr», kän gerek.
Ýatsaň düşekde bimar,
Yssyg etmez mal-u kär,
Zer dökseň harwar-harwar,
Göze ilmez, jan gerek.
Doga bilen är gögär,
Ýagmyr bilen ýer gögär,
Är oldur – alkyş alar,
Ýerlere baran gerek.
Ajal geler oýda ýok,
Görmek ýylda, aýda ýok,
Hiç bir zatdan peýda ýok,
Bir nury-iman gerek.
Magtymguly, sözleýen,
Niçe mahfy gizleýen,
Bir many pähm eýleýen,
Akylly ýaran gerek.