IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

BU DÜNÝÄ

Maşrykdan magryba dünýäniň ýüzi,
Diýmäň, bize mälim däldir bu dünýä.
Abady-haraby, derýasy-düzi,
Ýüz kyrk alty müň agaç ýoldur bu dünýä.

Bu jahan ýüzünde işler peýdadyr,
Teferrüçdir, tomaşadyr, gowgadyr,
Kyrk alty müň agaç suwdur, derýadyr,
Ýetmiş iki tüýsli dildir bu dünýä.

Bir elli müň agaç ýollar onda bar,
Döw-peri mesgeni, gu:llar onda bar,
Daşlar, daglar, aç arslanlar onda bar,
Ol ýerde adamdan çöldür bu dünýä.

On iki müň agaç jaýy-Hindistan,
Alty müň agaç ýol arzy-Rumystan,
Dört müň Saklap, Senjap, dört müň Zeňistan,
Göýä geçip barýan sildir bu dünýä.

Dört müň parsah Ýemen, bir müň-de Bulgar,
Zemini-Ýunan hem bolar ýek hezar,
Müň agaç ýol dagdyr döwi-merdumhor,
Onda agyp bargan saldyr bu dünýä.

Müň agaç kilim güwş, ýek dest-u ýek pa,
Bäş müň agaç Ýajuj, müň agaç sähra,
Ýedi müň agaç ýer jezire, derýa,
Müň agaç ýer ýatan maldyr bu dünýä.

Üç müň üç ýüz agaç ähli-yslamdyr,
Yrak, Häzirbeýjan, Müsürdir, Şamdyr,
Horasan, Fars, Burz kuhda tamamdyr,
Ýok bolynça, galmagaldyr bu dünýä.

Magtymguly, adyň döndi Pyraga,
Paryg bolup, çek özüňni gyraga,
Hasap etdim dünýä başdan-aýaga,
Üç ýüz altmyş ýyllyk ýoldur bu dünýä.

Görülen sany: 2471
Okalyşyna berlen baha: 0