IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

BAKA-BAKA GIDER SEN

Panydan bakyýa göç-hä göç bolsa,
Telmuryban, baka-baka gider sen.
Ajal jamyn berip, iç-hä iç bolsa,
Jan ajygyn çeke-çeke gider sen.

Oglanlaryň durar zary-girýana,
Egsikler saç ýaýar, düşer lerzana,
Malyň kysmat bolup, girer talaňa,
Eliň ýuwup, çyka-çyka gider sen.

Mal üçin ynjydyp gardaş-doganyň,
Az bildiň tylladan satyp-sowanyň,
Paýlaşarlar halal-haram ýyganyň,
Sen azabyn çeke-çeke gider sen.

Bu dünýäden barsaň, ol dünýä, gardaş,
Näler görejekdir bu şum gara baş,
Haýyr gazan, bolar ýanyňa ýoldaş,
Ýogsa gabra ýeke-ýeke gider sen.

Adam ogly ýada salsa asylyn,
Kaza goýmuş ajal atly masylyn,
Aklyň bolsa kyýamatyň hasylyn,
Bu dünýäde eke-eke gider sen.

Jahanda görkezer gudrat işleri,
Ganatyň kuwwaty galdyr guşlary,
Ýigitligiň zory syndyr daşlary,
Kyrkdan aşdyň, çöke-çöke gider sen.

Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne,
Kim bar sözletmäge eltip nazarna,
Hiç rowaç tapmadyň sözüň bazarna,
Hyrydarsyz, döke-döke gider sen.

Görülen sany: 1279
Okalyşyna berlen baha: 3.0