IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

AR BILE

Dyrnagy demirden talaňçy dünýä,
Işiň ýokdur namys bile, ar bile.
Jebri-jepasy köp, ýalançy dünýä,
Goýmaz sen gezmäge ýary-ýar bile.

Muhabbet öwjünden ýar bir gel diýse,
Matlabyňy istäp, menden al diýse,
Bir gün durduň, bir gije hem gal diýse,
Gadam goýsam aýak ýerne ser bile.

Ösdükçe öwj artdyr dünýäniň ýeli,
Kast etse, gurudar derýaýy-Nili,
Bir günde esredip, mest eder pili,
Bir günde nist eýlär peşe per bile.

Zeminiň üstünde daglar çökär sen,
Tomaşagär bolup, kesä çykar sen,
Her nesnäni bir wesile ýakar sen,
Jülgäni gün bile, dagy gar bile.

Dalmynyp, dat etse, gulak tutmaz sen,
Ýyglap, ýaş dökene rehim etmez sen,
Jan matagyn alsaň, gaýdyp satmaz sen,
Ýene dönüp almak olmaz zer bile.

Leýli üçin ne jebr etdiň Mejnuna,
Zalym, ynsap eýle bu nähak huna,
Günde kyrk at bezäp berdiň Karuna,
Isa mydar berdiň ýeke har bile.

Magtymguly aýdar, işiň talaňdyr,
Bu nobat çohlardan geçip gelendir,
Ygtybaryň ýokdur, sözüň ýalandyr,
Dost goýmadyň, ýegsan etdiň ýer bile.

Görülen sany: 1062
Okalyşyna berlen baha: 2.8