IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

TÜRKMENIŇ

Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
Gül-gunçasy ― gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň.

Hak sylamyş, bardyr Onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri-maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.

Al-ýaşyly büräp çykar perisi,
Kükreýip bark urar anbaryň ysy,
Beg, töre, aksakal ― ýurduň eýesi,
Küren tutar gözel ili türkmeniň.

Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,
Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,
Dagda-düzde kowsa, saýýatlar, diri –
Ala bilmez, ýolbars ogly, türkmeniň.

Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Göwün howalanar ata çykanda,
Daglar lagla döner gyýa bakanda,
Bal getirer, joşup derýa akanda,
Bent tutdurmaz, gelse sili türkmeniň.

Gapyl galmaz, döwüş güni har bolmaz,
Gargyşa, ne zora giriftar bolmaz,
Bilbilden aýrylyp, solup, zar galmaz,
Daýym anbar saçar güli türkmeniň.

Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,
Ykballar ters gelmez, Hakyň nurudyr,
Mertler ata çyksa, söweş sarydyr,
Ýow üstünden ýörär ýoly türkmeniň.

Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz,
Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz,
Gözüm gaýra düşmez, göwün eglenmez,
Magtymguly, sözlär tili türkmeniň.

Görülen sany: 22857
Okalyşyna berlen baha: 0