IMG-LOGO

Goşgynyň ses ýazgysy

MALYNA DEGMEZ

Baýlar bardyr, garyplara rehm eýlär,
Bardyr baýlar, dünýä malyna degmez.
Gözel bardyr, dünýä malyn harç etseň,
Bardyr gözel, iýen nanyna degmez.

Dünýäde bahylyň ýüzüni görme,
Aş bile nanyňy alyşyp berme,
Gul diýip, ýigidiň aslyny sorma,
Hojasy bar, belki, guluna degmez!

Dünýä malyn berseň, eýesi satmaz,
Şa istese, onuň dilegi bitmez,
Bedew bar, pul berseň, bahasy ýetmez,
Bardyr bedew, salan juluna degmez.

Bedew gerek — äre söweşde serhoş,
Ýat bilen baryşsaň, bolar garyndaş,
Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz, gardaş —
Bu döwlet her kimiň eline degmez.

Magtymguly, bu dünýäniň eşreti:
Iýmek, içmek, münmek, guçmak, söhbeti,
Bir niçeler mydam kylar tagaty,
Niçäniň sejde jaý alyna degmez.

Görülen sany: 1466
Okalyşyna berlen baha: 2.9